Adam bedeni ýylyň islendik paslynda hereket etmäge zerurlyk duýýar. Howanyň yssy, sowuk ýa-da ýagynlydygyna garamazdan, maşk etmek hökmandyr. Ýöremek hem iň peýdaly fiziki hereketleriň biri hasaplanýar. Lukmanlar howanyň sowap barýan güýz aýlarynda günortan çagy ýöremegi maslahat berýärler. Bu pasylda sergin şemal öwsüp, ýagyn ýagýan wagty hem bolýar. Günüň has ýylyrak wagty bolan günortan daşaryk çykmak bolsa, adam bedeninde dürli keselleriň ýüze çykmagynyň öňüni alýar. Günüň gysgalyp başlamagy, güneşli howanyň azalmagy bilen adam bedeni D witaminine has köp zerurlyk duýýar. Gün bolsa bu witaminiň tebigy çeşmesi hasaplanýar. Açyk howada gezelenç etmek D witaminini almaga hem ýardam edýär. Ýöremek üçin arassa howaly ýerler saýlanyp alynmalydyr. Daşaryk çykylanda howanyň ýagdaýyna görä geýinmeli. Howa salkyn, şemally ýa-da çygly bolsa, ýapyk ýerlerde maşk etmek maslahat berilýär. Şeýle hem naharyň yzýany maşk etmek maslahat berilmeýär. Nahardan bir sagat çemesi soňra maşk etmek talabalaýyk hasaplanýar.
Bägül HOJANEPESOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.