Senagatyň ösmegi netijesinde dürli enjamlarda, şol sanda gurluşyk pudagynda has berk, şol bir wagtda ýeňil materiallaryň öndürilmegine zerurlyk döreýär. Şeýle bolansoň dürli ugurlarda zähmet çekýän alymlar has berk materialy öndürmek üçin dürli tejribeleri, ylmy barlaglary geçirýärler. Häzire çenli adatdakydan has berk materiallaryň birnäçe görnüşi oýlanyp tapylyp, durmuşa ornaşdyryldy. Alymlar polatdan dört esse berk, bäş esse ýeňil aýna meňzeş ýene bir materialy işläp taýýarladylar. Bu açyşyň awtoulag we elektron senagatynda uly öňegidişlikler gazanmaga mümkinçilik berjekdigi bellenilýär. Bu materialy ABŞ-nyň Konnektikut we Kolumbiýa uniwersitetleriniň hem-de Brukhaýwen milli laboratoriýasynyň alymlary oýlap tapypdyr. Nanogurluş material aýna meňzeş bolsa-da, aýna ýaly port däl-de, polat ýaly berk. Täze materialyň köpçülikleýin önümçiligine başlanjak wagty mälim edilmedi.
Bu material baradaky ylmy makala «Cell Reports Physical Science» žurnalynda çap edildi.
Laçyn KÄBÄÝEWA,
Änew şäherindäki 1-nji orta mekdebiň mugallymy.