Dünýä Ralli çempionatynyň 12-nji ýarymy Merkezi Ýewropa Rallisi yklymyň 3 ýurdunyň çäginde geçirildi. Çehiýadan başlap, Awstriýadan geçip, Germaniýada tamamlanan ýaryşdan soň 2023-nji ýylyň çempiony belli boldy. Bäsleşikde 2-nji ýeri eýelän “Toyota Gazoo” toparynyň fin sürüjisi Kalle Rowanpera möwsümiň tamamlanmagyna 1 ýaryş galanda, çempionlygyny yglan etdi. Rowanpera utugyny 235-e ýetirip, 2-nji ýerdäki Elfin Ewansdan 1 ýaryş galanda, 44 utuk öňe saýlandy. Rowanpera şu möwsümde 3 gezek 1-nji orny eýeledi. Ol geçen ýyl Dünýä Ralli çempionatynda çempionlyk gazanan iň ýaş sürüji bolupdy. Şunlukda, 23 ýaşyndaky Rowanpera finlýandiýaly Ýuha Kankkunen, italiýaly Miki Biazion, finlýandiýaly Tommi Makinen, fransiýaly Sebastien Lýob hem-de Sebastien Ožie dagydan soň yzly-yzyna çempionlyk gazanan 6-njy pilot hökmünde hasaba alyndy.

Ilkinji gezek geçirilen Merkezi Ýewropa Rallisinde “Hyundai Shell Mobis” toparynyň belgiýaly sürüjisi Tierri Noýwill ýeňiş gazanyp, ol 18 tapgyrdan ybarat 312,80 kilometr aralygy 2 sagat 52 minut 39,9 sekuntda tamamlamagy başardy. Bu onuň möwsümdäki 2-nji, karýerasyndaky 19-njy ýeňşi boldy. Ýeňijiden 57,6 sekunt yza galyp, 2-nji ýeri eýelän Rowanperadan soň “M-Sport Ford” toparynyň estoniýaly sürüjisi Ott Tanak ýaryşy 3-nji orunda tamamlady.

Möwsümiň iň soňky ýaryşy 16-19-njy noýabr aralygynda Ýaponiýada geçiriler.