Emeli aňyň howpsuzlygy baradaky jarnama Beýik Britaniýada geçirilen iki günlik sammitde kabul edildi. 28 ýurt we Ýewropa Bileleşigi emeli aňyň howpsuz we jogapkärli işlenip düzülmegini we ulanylmagyny üpjün etmek boýunça täze global tagallalaryň zerurlygy barada ylalaşdylar.
“Emeli aň ägirt uly mümkinçilikleri açýar we adamyň abadançylygyny ýokarlandyrmak üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýe” diýip, britan hökümetiniň beýanatynda aýdylýar. Şeýle-de bolsa, sammite gatnaşyjylar emeli aňy bilkastlaýyn nädogry ulanmakdan ýa-da ösen emeli aňa gözegçilik etmekden düýpli töwekgelçilikleriň bolup biljekdigi bilen ylalaşýarlar. Şunuň bilen birlikde kibernetik howpsuzlyk, biotehnologiýa we ýoýulan habarlar aýratyn alada döredýär.
Iki gün dowam eden maslahatda ABŞ, Beýik Britaniýa, Ýewropa Bileleşigi, Hytaý, Hindistan we beýleki taraplaryň wekilleri emeli aňyň çalt ösmegi bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri we mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar. Britan hökümeti Koreýa Respublikasynyň ýakyn alty aýda emeli aň boýunça wirtual mini-sammiti bilelikde geçirmäge razy bolandygyny habar berdi.