Te­bi­ga­ty go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy “The Na­tu­re Con­servancy” 2023-nji ýy­lyň su­rat bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri­ni mä­lim et­di.
Şu ýyl da­laş­gär­le­riň sa­ny iki es­se art­dy: Ola­ryň ara­syn­da Gwa­te­ma­la­da­ky asu­da mer­jen ri­fi­niň su­ra­tyn­dan baş­lap, Hin­dis­tan­da bi­r-bi­ri­ne har­çaň­laş­ýan iki ýol­bar­syň su­ra­ty­na çen­li dü­li su­rat­lar gö­ze il­ýär. Fo­to­su­rat­çy­la­ryň ab­raý­ly emin ag­za­sy Haw­ýer Az­nar, Smi­ta Şar­ma, Mor­gan Heým we ta­ny­mal te­bi­gat su­rat­çy­sy Frans Lan­ting 80 müň­den gow­rak su­rat­çy­nyň dü­şü­ren 189 müň­den gow­rak iş­le­riň için­den ýe­ňi­ji­le­ri saý­la­dy­lar.
Bäs­le­şi­giň esa­sy baý­ra­gy­ny gur­ba­ga­nyň ýu­murt­ga­sy bi­len gur­şa­lan tri­to­nyň su­was­ty su­ra­ty üçin weng­ri­ýa­ly Ti­bor Li­ta­uş­ki gow­şu­ryl­dy.