1814-nji ýylyň 6-njy noýabrynda saksafon saz guralynyň oýlap tapyjysy Adolf Saks Belgiýada dünýä inýär. Onuň ene-atasy üflenip çalynýan saz guraly bolan waltornanyň dizaýnyny üýtgedip, kämilleşdiripdirler. Saks kiçiliginden klarnet we fleýta çalmak bilen meşgullanypdyr. Ol 15 ýaşyndaka bu saz gurallaryny çalmak ugrundan bäsleşige gatnaşýar. Soňra Saks öz saz gurallaryny ýasap başlaýar we Belgiýanyň patyşalyk konserwatoriýasyna baryp, şol iki saz guralynyň çalnyşyny we sesini içgin öwrenipdir. 1840-njy ýyllarda saksafon saz guralynyň dürli ululykdaky birnäçe nusgasyny döredýär. 1846-njy ýylyň 28-nji iýunynda bu saz guraly üçin ýüz tutýar we degişli patenti alýar. Saks saksafondan başga-da saksgorn, sakstýub, sakstromb ýaly üflenip çalynýan saz gurallaryna döredýär.