Hormatly Prezidentimiz: “Ylmy-tehniki ösüşiň belentlige galýan döwründe – XXI asyrda biz ylma daýanmak, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek we milletimiziň aň-bilim derejesini has-da ýokarlandyrmak arkaly Türkmenistany durnukly ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýarys” diýip, jaýdar belleýär. Munuň şeýledigini milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, ýurdumyzda innowasiýalary we iň täze tehnologiýalary ulanmak arkaly giň möçberli maksatnamalaryň hem-de meýilnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilýändigi, eziz Watanymyzyň okgunly ösüş ýoly bilen öňe ilerleýändigi aýdyň görkezýär.
Häzirki zaman şertlerinde ylym-bilim her bir ýurduň ösüş güýjüni kesgitleýän ölçeg bolup durýar. Ol beýik başlangyçlara, aýdyň çözgütlere daýanýar. Hut şonuň üçin-de, milli Liderimiz ýurdumyzyň her bir pudagynyň ýokary ösüşlere eýe bolmagy üçin aýdyň çözgütleri kabul edýär.
Bilimi akyp barýan çeşme hökmünde göz öňüne getirsek, ol çeşmeden ýeterlik derejede peýdalanmak her bir okuwçynyň, talybyň başarnygyna baglydyr. Ýurdumyzda täze okuw ýylynyň başlanýan ilkinji gününde çagalarda okuwa bolan höwesi artdyrmak maksadyna eýerilip, birinji synp okuwçylaryň ählisine Arkadag Prezidentimiziň adyndan täze kompýuterler sowgat edilýär. Eýýäm şunuň özi olarda bilimler dünýäsine bolan höwesi güýçlendirýär. Ak mekdepleriň ýagty okuw otaglarynda dersleri talabalaýyk geçmek üçin multimediýa ulgamy esasynda döredilen interaktiw usulynyň ýola goýulmagy okuwçylaryň bilim almaga bolan gyzyklanmalarynyň artmagyna oňaýly täsir edýär. Okuw kitaplarynyň hem-de gollanmalaryň üpjünçiliginiň gowulanmagy, okuwçylaryň boş wagtlaryny peýdaly zähmete sarp etmegi üçin dürli ugurly gurnaklaryň işlemegi, olaryň daşary ýurt dillerini talabalaýyk bilmegi üçin şertleriň döredilmegi, okuwçylaryň dürli dersler boýunça geçirilýän abraýly halkara olimpiadalara gatnaşygynyň ýygjamlaşmagy amala aşyrylýan bilim syýasatynyň üznüksiz ýokarlanýandygyny görkezýär.
Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň 7 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine, Prezident maksatnamasynyň we ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine gönükdirilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine bagyşlanyp, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki 4-nji awgustda geçirilen mejlisinde ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň halkara ders we taslama bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, 80 medala, şol sanda 11 altyn, 25 kümüş we 44 bürünç medala mynasyp bolandyklarynyň beýan edilmegi diýseň guwandyryjydyr.
Şu döwür içinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň halkara derejede geçirilen bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri-de aýratyn guwandyryjy. Ýagny, zehinli talyplar şeýle bäsleşiklerde 21 medaly, şol sanda 4 altyn, 6 kümüş we 11 bürünç medaly eýelemegi başarypdyrlar. Ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň halkara internet olimpiadalara gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelemekleri we dürli derejedäki diplomlara mynasyp bolmaklary biziň her birimizde ýaşlara bolan ynamy berkidýär.
Şu ýyl ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine 8 müň 308 talyp, orta hünär okuw mekdeplerine bolsa, 8 müň 313 okuwçy kabul ediler. Munuň özi ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyna ýyl-ýyldan uly orun berilýändigini görkezýär. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz şu ýylyş 16-njy iýunynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýokary bilimli kämil hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutyny döretmek hakynda Permana gol çekdi. Şeýlelikde, täze ýokary okuw mekdebiniň düzüminde jemagat hojalygy, inžener ulgamlary we desgalary, mehanika-tehnologik, ykdysadyýet we dolandyryş, hünäri kämilleşdiriş fakultetleri talyp ýaşlaryň durnukly bilm almagyna giň ýollary açýar. Täze institutda 2017 – 2018-nji okuw ýylynda 400 talyp dünýä ülňülerine laýyklykda bilim alar.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň bilim ulgamyny özgertmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn çäreleriň esasy maksady möhüm ulgamy kämilleşdirmekden, halkara ölçegleriniň derejesine çykarmakdan, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary üçin ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda wezipeleri netijeli çözmegi başarýan ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakdan ybaratdyr.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşi halkara gatnaşyklarynda hem aýdyň ýüze çykýar. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistan Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Türkiýäniň, Belarus Respublikasynyň, ABŞ-nyň abraýly ylym-bilim merkezleri bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýdy. Ynsanperwer ulgamda ýurdumyz BMG, Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklary işjeň ösdürýär. TEMPUS-TASIS we beýleki Halkara bilim beriş maksatnamalarynyň çäklerinde dürli taslamalar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň çäginde hereket edýän ÝUNISEF, UNFPA, UNDP, ÝUNESKO ýaly halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edilýär.
Bu asylly işleriň ählisi milli Liderimiziň döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşine kuwwatly itergi berjek ylym-bilim syýasatyny giň gerimli özgertmelere besleýändigine şaýatlyk edýär.
Oguldursun SEÝIDOWA,
TYA-nyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň esasy kitaphanaçysy.