Tehnologiýa çalt depginler bilen durmuşymyza berk ornaşýar. Häzirki zaman tehnologiýalarynyň hasabyna hem gündelik durmuş ýeňilleşýär, hem-de adamlara edilýän hyzmatyň derejesi ýokarlanýar. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edilişi ýaly, sürüjisiz ulaglar eýýäm bazarlarda peýda bolup başlady. Olaryň synag işleri durmuşa geçirilýär.
Indi bolsa, nobat uçarlara geldi. 2025-nji ýylda ilkinji uçarmansyz ýolagçy uçarlaryň peýda bolmagyna garaşylýar. Ýene-de 8 ýyldan ýolagçy uçarlary has-da “akyllanar” hem-de olary dolandyrmak üçin uçarmanlar gerek bolmaz. Uçar gatnawlary ýerdäki awiagözegçilik gulluklary arkaly amala aşyrylar. 2025-nji ýylda awiagatnawlaryň durmuşynda taryhy öwrülişiklere garaşylýar. Hususan-da, uçarmansyz uçarlaryň dolandyrylmagy bilen öňdebaryjy awiakompaniýalar her ýyl 35 milliard dollar tygşytlap bilerler. Mälim bolşy ýaly, häzir hem uçarlarda awtopilot ulgamy hereket edýär. Käbir çykgynsyz ýagdaýlar ýüze çykanda uçardaky kompýuteriň işini ýola goýmaly bolýar. Ony hem awiagözegçilik gulluklarynda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Bu ýagdaý awiapetekleriň ortaça 10 göterim arzanlamagyna getirer. Ilkibada, ýolagçylaryň uçarmansyz uçarlarda uçmakdan çekinmegi mümkin, ýöne wagtyň geçmegi bilen howpsuz gatnawlaryň olary ulagyň bu görnüşinden has köp peýdalanmaga iterjekdigine kepil geçilýär.