AFK Ku­bo­gy­nyň to­par­ça­lar­da­ky 4-nji du­şu­şyk­la­ry şu hep­dä­niň pen­şen­be gü­ni oý­na­lar. Ýur­du­my­zyň adyn­dan we­kil­çi­lik ed­ýän 2 to­pa­ryň «Al­tyn Asyr» bi­len «Merw» klub­la­ry­nyň «E» to­parç­da­ky öza­ra 2-nji du­şu­şy­gy 9-njy no­ýabr­da oý­na­lar. «Aş­ga­bat» kö­pu­gur­ly sta­dio­nyn­da ge­çi­ril­jek du­şu­şyk sa­gat 19:00-da baş­la­nar. Du­şu­şy­gyň pe­tek­le­ri şu gün sa­tu­wa çy­ka­ryl­dy. Iki fut­bol to­pa­ry­nyň mun­dan ozal­ky du­şu­şy­gy 26-njy okt­ýabr­da şol sta­di­on­da ge­çi­ri­lip, «Al­tyn Asyr» 2-1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nyp­dy.
30 ma­nat­dan sa­tyl­ýan pe­tek­le­ri «Aş­ga­bat» kö­pu­gur­ly sta­dio­ny­nyň kas­sa­la­ryn­dan, şol san­da «Ber­ka­rar», «Gül­ze­min» söw­da-dyn­ça alyş mer­kez­le­rin­dä­ki hem-de «Ga­raş­syz­ly­gyň 15 ýyl­ly­gy» söw­da mer­ke­zin­dä­ki de­giş­li no­kat­lar­dan hem sa­tyn al­mak bo­lar. Şeý­le-de, pe­tek­ler we­la­ýat mer­kez­le­rin­de hem sa­tyl­ýar. «Aş­ga­bat» kö­pu­gur­ly sta­dio­ny­nyň kas­sa­la­ry 08:00-dan 21:00-a çen­li dynç gün­süz iş­le­ýär.
Ha­bar­laş­mak üçin te­le­fon bel­gi­si: +993 (12) 95-50-37.