Sidneý (Awstraliýa) – ýurduň iri şäheri. Ol opera teatry, Harbor-Brij köprüsi we deňiz kenary bilen meşhurdyr. Sidneý dünýäniň iň köp milletli hem-de köp medeniýetli şäheri. Onuň owadanlygy we hemişelik ýaşamak üçin bu ýere gelen bosgunlaryň köplügi aýratynlykly tarapydyr.
Amsterdam (Gollandiýa) – ýurduň iň iri şäheri we paýtagty. Şeýle hem maliýe we medeni paýtagtydyr. Bu ýerde 500 sany dünýä belli kompaniýanyň 7-siniň ştab-kwartirasy bar. Olaryň hatarynda “Philips” we “ING Group” şereketleri bar. Mundan başga-da, şäherde dünýäniň iň gadymy fond biržasy ýerleşýär. “Greenpeace” guramasynyň merkezi binasy bu şäherde ýerleşýär.
Boston (ABŞ) – Massaçusets ştatynyň iri şäheri. Ol ýurduň iň gadymy we baý şäherleriniň biri. Boston ABŞ-nyň iň uly şäherleriniň ilkinji onlugyna, dünýäniň bolsa, 50-ligine girýär. Ol ýaşaýyş-durmuş şertleriniň hili boýunça ABŞ-da öňdeligi eýeleýär. Mundan başga-da, satyn alyjylyk mümkinçilik derejesi boýunça ikinjiligi eýeleýär.
Ottawa (Kanada) – ýurduň ululygy boýunça dördünji iri şäheri. Ol XX asyryň ahyrynda we XXI asyryň başlarynda ýokary tehnologiýanyň ösen merkezi hasaplanýar we käte oňa “Demirgazyk Silikon jülgesi” hem diýilýär. Bu ýerde ýurduň syýasy-jemgyýetçilik edaralary, iri medeni merkezleri, muzeýler we şekillendiriş sungaty muzeýleri ýerleşýär. Kanadanyň paýtagty satyn alyjylyk mümkinçiligi boýunça dördünji orunda durýar.
Kopengagen (Daniýa) – ýurduň paýtagty we iň iri şäheri. Ýurduň medeni, ykdysady we syýasy merkezidir. Ol fond biržasy bilen Demirgazyk Ýewropanyň iri maliýe merkezidir. Şäheriň ykdysadyýeti hyzmat pudagyndaky çalt depginlerdäki ösüş arkaly has-da ýokary derejelere göterildi. Mundan başga-da şäher maglumat tehnologiýasy, farmasewtika we arassa tehnologiýa babatda öňdebaryjydyr.
Sýurih (Şweýsariýa) – ol dünýä möçberindäki şäher. Ýurduň iri maliýe merkezidir, bu ýerde UBS we “Credit Suisse” halkara maliýe edaralarynyň we ätiýaçlandyryş kompaniýalaryň merkezi binasy ýerleşýär. Sýurih satyn alyjylyk mümkinçiligi boýunça öňdeligi eýeleýär. Howpsuzlyk hem-de ekologiýa ugry boýunça ikinji orunda durýar.
Melburn (Awstraliýa) – ýurduň ikinji uly şäheri, senagat, söwda we medeni merkezi. Şeýle hem ol ýurduň sport we medeni paýtagtydyr. Bu ýerde köp sanly sport we medeni köpçülikleýin çäreler yzygiderli guralýar. Melburn satyn alyjylyk mümkinçiliginde üçünji orny eýeläp, saglygy goraýyş ulgamynda öňdebaryjylaryň hataryndadyr.
Wena (Awstriýa) – ýurduň federal paýtagty. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu Ýork we Ženewadan soňra düzümleýin edaralarynyň ýerleşýän 3-nji şäheridir. Bu ýerde MAGATE, BMG-niň senagat ösüş guramasy ýaly birnäçe düzümleriniň merkezi binasy ýerleşýär. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň merkezi binasy hem bu şäherdedir. Wena saglygy goraýyş ulgamynda öňdebaryjydyr.
Edinburg (Beýik Britaniýa) – Birleşen Patyşalygyň ykdysady gatnaşyklar boýunça has ösen sebitidir. Bu sebitde hyzmat, syýahatçylyk we bank ulgamy has ösendir. Bilim we ýokary tehnologiýa ulgamlarynda-da görnetin ösüşler gazanylýar. Şäheriň ykdysadyýetine işewürlik syýahatçylygyndan hem oňat girdeji gelýär. Saglygy goraýyş ulgamynda ikinji orunda durýar.
Wellington (Täze Zelandiýa) – ýurduň iň gür ilatly ikinji şäheridir. Ol Okeaniýa ýurtlarynyň iri paýtagtydyr. Ol köp sanly köprüleri, ýerasty geçelgeleri, seýilgähleri, gezelenç meýdançalary bilen owadan we gelşikli şäherdir.