Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda Germaniýada parlament saýlawlary geçiriler. Bu ugurdaky bäsleşik esasy Sosial-demokrat partiýa (ýolbaşçysy Martin Şuls) bilen Hristian-demokrat birliginiň (ýolbaşçysy Angela Merkel) arasynda geçer.
Kansler Angela Merkel saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalaýyn çykyşlaryna başlady. Ol 50-den gowrak ýerde çykyş etmegi meýilleşdirýär. Onuň maksatnamalaýyn çykyşynyň özenini ýurtda işsizligiň derejesini 3 göterime çenli peseltmek, salgytlary azaltmak, infrastruktura we howpsuzlyk üçin çykdajylary köpeltmek işleri düzýär. Bu barada ol Dortmund şäherinde öz partiýasynyň agzalary bilen geçiren duşuşygynda nygtap geçdi. Merkel 2025-nji ýylda işsizligi doly aradan aýyrmagy maksat edinýändiklerini hem mälim etdi. Ol bu saýlawdaky esasy bäsdeşi Martin Şulsuň awtoulag pudagyna degişli çykyşy bilen baglanyşykly awtoulag önümçiligi bilen meşgullanýan kompaniýalara täze tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin köpräk ylmy-barlag işlerini geçirmegi teklip etdi. Angela Merkel elektrik togy bilen hereket edýän ulaglaryň sanynyň köpeldilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Sosial-demokratlaryň öňbaşçysy Martin Şuls bolsa, öz maksatnamalaýyn çykyşynda awtoulag önümçilik pudagyndaky işler barada durup geçdi.
24-nji sentýabrda geçiriljek parlament saýlawlarynda 50 göterimden köp ses alan partiýa ýurduň Kanslerini bellemek hukugyna eýe bolýar. Häzirki wagtda geçirilen pikir soraşmalaryň netijelerine seredilende, Angela Merkeliň partiýasy öňde barýar.