Soňky ýyllarda awtomatlaşdyrylan tehnologiýalar artyp, bu ugurda uly ösüşler gazanylýar. Bu tehnologiýalar fiziki güýç talap edilýän el işlerini aňsatlaşdyrýar. Indi bolsa aň zähmetini talap edýän işleri hem kompýuterler amala aşyrýar. Hytaýda adamsypat robotlaryň köpçülikleýin önümçiligini ýola goýmak üçin hususy kompaniýalara goldaw berler. Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň ýaýradan beýanatynda ýurduň hökümetiniň geljek iki ýylda sensor tehnologiýasy, herekete gözegçilik we adam-maşyn gatnaşyklarynda işlejek kompaniýalara goldaw berjekdigi bellenilýär. Bu ugurda emeli aň tehnologiýasyndan has köp peýdalanylyp, gündelik işleri ýerine ýetirmäge has «ukyply» robotlaryň işlenip taýýarlanmagy maksat edinilýär. 2027-nji ýyla çenli bolsa, logiki netije çykaryp, özüni kämilleşdirip bilýän robotlaryň taýýarlanmagy göz öňünde tutulýar.
Üç ýyl ozal «Hyundai Motor» kompaniýasy robot tehnologiýasynda öňdebaryjy «Boston Dynamics» amerikan kompaniýasyny 1,1 milliard dollara satyn alypdy.
Daýanç GAPUROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
PDF









