USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) iş bilen üpjün etmek hyzmatlaryny kämilleşdirmek boýunça maksatnamalary üçin stažýorlary kabul edýär. Stažýorlar “Wakant” iş orunlar onlaýn-platformasyny ornaşdyrmagyň üstünde kadrlar agentlikleri bilen işleşerler.
“Wakant” – web-saýty we ykjam telefonlar üçin programmany öz içine alýan doly derejede işleýän onlaýn-platforma. Onuň kömegi bilen iş gözleýänler aňsatlyk bilen özlerine laýyk gelýän boş iş orunlaryny tapyp we olara ýüz tutup bilerler. Iş berijiler üçin bolsa bu platforma Türkmenistanyň öňdebaryjy kadrlar agentlikleriniň professional hyzmatlary bilen peýdalanmaga mümkinçilikler döredýär.
“Wakant” onlaýn-platformasy USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) tarapyndan işläp düzüldi.
“Wakant” onlaýn-platformasynyň web-saýty: http://wakant.com.tm/
“Wakant” onlaýn-platformasynyň ykjam telefonlar üçin programmasy:
Google Play: https://play.google.com/store/apps/details?id=com.my.wakant
App Store: https://apps.apple.com/tm/app/wakant/id6446488724
Stažýorlar özleriniň isleglerine görä düzülen tertibi boýunça doly däl iş güni işlärler.
Stažýorlar gymmatly hünär tejribesini gazanarlar, okuw geçerler we USAID YDA Taslamasynyň çärelerine gatnaşarlar. Tejribelik tamamlandan soň şahadatnamalar we häsiýetnamalar beriler.
Dalaşgärler seçip alnyşy bäsleşik esasynda geçiriler.
Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:
- 18-25 ýaş aralykda bolmaly;
- Kompýuter başarnyklary bolmaly;
- Türkmen we rus dillerinde gowy ýazyp we gepläp bilmeli;
- Toparlarda işlemäge ukyply bolmaly;
- Jogapkärli we takyk
Isleg bildirýänler şu linkde onlaýn-anketany 2023-nji ýylyň noýabr aýynyň 20-ne sagat 18:00-a çenli doldurmaly: https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLSdmdOGFJgy-B6vzHn_0s666xycjsa1GiPDJE2fiHAK4b816AA/viewform