Türkiýäniň Kaýseri şäheriniň ýaşaýjysy öz öýüni abatlap ýörkä, onuň astyndan ýerasty şäheriň bardygyny bilip galdy. Bu ýerde geçirilen barlaglarda häzirkizaman binanyň aşagyndaky iki sany özbaşdak gatyň ötükler bilen birleşýändigi anyklandy. Arheologlar tapyndynyň ýaşynyň 2 müň ýyl töweregi diýip kesgitlediler.

Ýerasty şäheriň uzynlygy 150-200 metr töweregidir. Öýüň eýesi ilkibaşda bu ýeriň taryhy gymmaty barada oýlanyp hem durmandygyny gürrüň berdi. Olar ýerasty ötügi saraý hökmünde ulanyp, oňa çyrasyz girmekden heder edipdirler.

Geçen ýüzýyllyklaryň dowamynda ýerasty ötükler zibilden dolup gidipdir. Häzir onuň diňe üstki gatlagy arassalandy. Öý eýesi ýerli häkimiýetlere bu ýerde gazuw-agtaryş işlerini geçirmäge rugsat berdi. Taryhy maglumatlara görä, gadymy döwürde Kaýseri şäheri Kesariýa atlandyrylyp, Rimiň merkezi bolupdyr. Arheologlar ýerasty şäheriň gurluşynyň, otaglaryň meýilleşdirilişiniň we bölünişiniň aýratyn gyzyklanma döredýändigini belleýärler.