ABŞ-nyň iň uly kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň sa­na­wy­ny düz­ýän “For­tu­ne” žur­na­ly il­kin­ji ge­zek Ýew­ro­pa bo­ýun­ça sa­na­wy­ny düz­di. Oňa se­bi­tiň 24 ýur­dy gir­di. Ýew­ro­pa bo­ýun­ça “For­tu­ne 500” sa­na­wy­ny­nyň umu­my gir­de­ji­si 13,9 tril­li­on dol­la­ra deň bo­lup, bu Ger­ma­ni­ýa­nyň je­mi içer­ki önü­min­den 3,5 es­se köp­dür. De­ňeş­dir­mek üçin: ABŞ-nyň “For­tu­ne 500” sa­na­wy­nyň umu­my gir­de­ji­si 18,1 tril­li­on dol­lar, “For­tu­ne Glo­bal 500”-iň glo­bal gir­de­ji­si 41 tril­li­on dol­lar.
– Ýew­ro­pa kor­po­ra­si­ýa­la­ry ge­çen ma­li­ýe ýy­lyn­da dün­ýä­de bo­lup geç­ýän wa­ka­la­ryň ener­gi­ýa ba­ha­la­ry­na ýe­tir­ýän ne­ti­je­le­ri se­bäp­li bir­nä­çe kyn­çy­ly­gy ýe­ňip geç­me­li bol­dy – di­ýip, “For­tu­ne” sa­na­wy­nyň re­dak­to­ry Skott De­Kar­lo bel­le­ýär.
Soň­ky dö­wür­de yk­dy­sa­dy ösü­şiň pe­se­len­di­gi ba­ra­da­ky ha­bar­la­ra ga­ra­maz­dan, Ger­ma­ni­ýa gir­de­ji­li biz­nes üçin Ýew­ro­pa­nyň iň uly mer­ke­zi bol­ma­gyn­da gal­ýar: sa­na­wa Ger­ma­ni­ýa­nyň 80 kom­pa­ni­ýa­sy gir­di, il­kin­ji üç­lü­gin­de “Volks­wa­gen” we “Uni­per” bar. Rus­si­ýa­nyň “Gazp­rom”-y hem bel­lär­lik­li­dir, dür­li päs­gel­çi­lik­le­re ga­ra­maz­dan, “Gazp­rom” he­ni­zem Ýew­ro­pa­nyň iň go­wy 10 kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, se­ki­zin­ji orun­da dur­ýar.
Ener­gi­ýa­nyň ba­ha­sy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy­na we üp­jün­çi­li­giň çäk­li bol­ma­gy­na se­bäp bo­lan glo­bal dart­gyn­ly­lyk şert­le­rin­de bu pu­dak­da­ky iň uly kom­pa­ni­ýa­lar öz gir­de­ji­le­ri­ni art­dy­ryp, sa­naw­da bi­rin­ji or­ny eýe­le­di: bri­tan ener­gi­ýa ägir­di “Shell” 2022-nji ýyl­da ýyl­lyk 381 mil­li­on dol­lar gir­de­ji­si bi­len Ýew­ro­pa­nyň iň uly kom­pa­ni­ýa­sy bo­lup dur­ýar. Beý­le­ki ener­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ara­syn­da Fran­si­ýa­nyň “To­ta­lE­ner­gi­es”, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň “BP” we yk­ly­myň iň gym­mat­ly 10 kom­pa­ni­ýa­sy­ny jem­le­ýän “Electricité de France” bar.
2023-nji ýyl­da “For­tu­ne 500 Eu­ro­pe” sa­na­wy­nyň iň go­wy 10 kom­pa­ni­ýa­sy şu­lar­dan yba­rat: Shell (Be­ýik Bri­ta­ni­ýa), “Volks­wa­gen” (Ger­ma­ni­ýa), “Uni­per” (Ger­ma­ni­ýa), “To­ta­lE­ner­gi­es” (Fran­si­ýa), “Glencore” (Şweý­sa­ri­ýa), BP (Be­ýik Bri­ta­ni­ýa), “Stel­lan­tis” (Ni­der­land­lar), “Gazp­rom” (Rus­si­ýa), “Mer­se­des-Benz” to­pa­ry (Ger­ma­ni­ýa) “Electricité de France” (Fran­si­ýa).
Bu sa­naw­da ma­li­ýe kom­pa­ni­ýa­la­ry has pes or­ny eýe­le­se­ler-de, olar he­niz hem ge­ri­mi­ni sak­lap, oňa 84 kom­pa­ni­ýa gir­di. Ener­ge­ti­ka we ma­li­ýe pu­dak­la­ryn­dan baş­ga-da, Ýew­ro­pa­nyň 500 iri kom­pa­ni­ýa­sy­nyň sa­na­wy­na gur­lu­şyk (30), azyk we iç­gi (27) we bö­lek sa­tuw (25) pu­dak­la­ry hem gir­ýär.
Ger­ma­ni­ýa­dan soň, “For­tu­ne 500” sa­na­wyn­da iň köp we­kil­çi­lik edil­ýän ýurt Be­ýik Bri­ta­ni­ýa: on­da sa­na­wyň umu­my gir­de­ji­si­niň 15%-den gow­ra­gy­ny eýe­le­ýän 76 kom­pa­ni­ýa bar. Sa­naw­da gör­ke­zi­len bri­tan kom­pa­ni­ýa­la­ry: “Tesco” (34), “BT Group” (152), “Dia­geo” (188), “Marks & Spencer” (255), “John Le­wis Part­ners­hip” (274) we BBC Group (436). Be­ýik Bri­ta­ni­ýa we Ger­ma­ni­ýa­dan soň Fran­si­ýa gel­ýär: sa­naw­da 71 fran­suz kom­pa­ni­ýa­sy, 37 ni­der­land we 36 şweý­sar kom­pa­ni­ýa­la­ry bar. Sa­na­wa gi­ren kom­pa­ni­ýa­la­ryň kö­pü­si­niň or­ta­ça 108 ýa­şy bar. Sa­naw­da­ky iň kö­ne kom­pa­ni­ýa 1366-njy ýyl­da Ger­ma­ni­ýa­da esas­lan­dy­ry­lan “An­heu­ser-Busch In­Bev” kom­pa­ni­ýa­sy­dyr.