Ýaponiýanyň Odate şäherindäki Akita prefekturasynyň ýaşaýjylary Sibuýanyň bekedinde meşhur it Hakitonyň 100 ýyllygyny belleýärler. Itiň Akitadaky dogduk mekany Odate şäherinde dabaraly çäreler geçirildi. Hatikonyň heýkeliniň gapdalynda ite we Sibuýa sebitine bagyşlanan pawilion açyldy.
Hatikonyň kyssasy bütin dünýäde mälimdir. Onuň eýesi Hidesaburo Ueno bir gün işden gaýdyp gelmedi – ol tarpa-taýyn aradan çykýar. Mundan habarsyz It demir ýol menzilinde eýesine garaşmagyny dowam etdirýär.
1932-nji ýylda bu waka barada gazetde makala çap edilýär. Birnäçe ýyldan soň onuň hormatyna “Wepaly it Hatiko” atly ýadygärlik gurulýar. It açylyş dabarasyna gatnaşýar. 1935-nji ýylda Hatiko Sibuýa bekediniň golaýynda aradan çykýar.