Hä­zir­ki wagt­da Mon­go­li­ýa­da je­mi 452 to­kaý na­hal­ha­na­sy bar. Bu ba­ra­da ýur­duň Daş­ky gur­şaw we sy­ýa­hat­çy­lyk mi­nistr­li­gi mä­lim et­di. “Ge­çen dö­wür­de Mon­go­li­ýa­da to­kaý­çy­lar we bag­ban­lar 120-den gow­rak iň­ňe pür­li, ýap­rak­ly we gy­rym­sy agaç­la­ryň 62,9 mil­li­on na­ha­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­di­ler. Bu ge­çen ýyl bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 5 es­se köp­dür. Şeý­le­lik bi­len Mon­go­li­ýa­nyň To­kaý ho­ja­ly­gy agent­li­gi, şah­sy­ýet­ler, kom­pa­ni­ýa­lar we de­giş­li gu­ra­ma­lar ýur­duň öz için­den na­hal agaç­la­ry­ny ýe­tiş­dir­me­giň höt­de­sin­den gel­di­ler” diý­lip res­mi be­ýa­nat­da bel­le­nil­ýär.
Mon­go­li­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Uk­na­giýn Hu­rel­su­hyň baş­lan­gy­jy bi­len çöl­leş­mä­ge gar­şy “Mil­liard agaç” mil­li kam­pa­ni­ýa­sy baş­la­ly bä­ri, tu­tuş ýurt bo­ýun­ça 41,5 mil­li­on agaç we gy­rym­sy agaç otur­dyl­dy.
2030-njy ýy­la çen­li, azyn­dan, 1 mil­liard agaç ek­mek bo­ýun­ça mil­li kam­pa­ni­ýa 2021-nji ýy­lyň okt­ýabr aýyn­da res­mi taý­dan baş­lan­dy, şon­da Mon­go­li­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Uh­na­giýn Hu­rel­suh BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň mün­be­rin­den öz ýur­du­nyň çöl­leş­mä­ge we ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň ýa­ra­maz tä­sir­le­ri­ne gar­şy gö­reş­mek is­le­ýän­di­gi­ni mä­lim et­di.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mon­gol hö­kü­me­ti­niň 2020-2024-nji ýyl­lar üçin iş me­ýil­na­ma­syn­da to­kaý­la­ry di­kelt­mek we ola­ryň meý­da­ny­ny 9%-me çen­li gi­ňelt­mek ýa­ly bir­nä­çe mö­hüm çä­re­ler bar.
Mon­go­li­ýa­nyň Daş­ky gur­şaw we sy­ýa­hat­çy­lyk mi­nistr­li­gi­niň iň soň­ky mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, hä­zir­ki wagt­da ýur­duň çä­gi­niň, tak­my­nan, 77%-mi çöl­leş­mä­ge we ýer­le­riň za­ýa­lan­ma­gy­na se­ze­war bol­ýar.