Bir bar eken, bir ýok eken. ­Ga­dym za­man­da ene­si ölüp, öweý enä­niň elin­de ga­lan bir og­lan bar eken. Onuň äh­li ýe­ri şar ga­ra, ýa­ňy suw­dan çy­kan ýa­ly ýal­pyl­dap du­ran bir ta­ýy bar eken. Og­lan onuň ady­ny Ga­ra­taý di­ýip tu­tar eken. Ol taý tö­we­re­gin­dä­ki bol­ýan wa­ka­la­ry, ta­na­ýan adam­la­ry­nyň ni­ýe­ti­ni, nä­me pi­kir edip du­ran­dy­gy­ny bil­ýän ga­ty akyl­ly taý­myş.
Gün­ler­de bir gün öweý ene bu ýe­ti­mi ýok et­me­sem, ärim­den ga­lan zat­la­ra öz ogul­la­rym bi­len deň şä­rik bo­lar di­ýip, ýaň­ky og­la­ny öl­dür­me­gi ýü­re­gi­ne dü­wüp­dir-de, ile bel­li köp­bil­miş kem­pir­den mu­nuň mas­la­ha­ty­ny so­rap­dyr. Kem­pir oňa:
– Ol og­lan mek­de­be gi­der we­li, bo­sa­gaň­da gy­ly­jy dik­li­gi­ne göm. Ujun­dan bir ga­ryş ýa­ly­sy ýer­den çy­kyp dur­sun. Ýaş og­lan­dyr, gys­sa­nyp ge­lip, üs­tün­den bat bi­len ba­sar we­li, gy­lyç da­ba­nyn­dan gi­rip, ony öl­dü­rer – di­ýen.
Öweý ene gy­ly­jy kem­pi­riň aý­dy­şy ýa­ly edip bo­sa­ga­da gö­müp­dir-de, og­la­nyň ge­le­ri­ne ga­ra­şyp otu­ryp­dyr. Ol og­lan bol­sa bir ýe­re gi­dip ge­len­de, öňi bi­len Ga­ra­ta­ýyň ýa­ny­na ba­ryp, onuň hal-ah­wa­ly­ny so­rar eken-de, soň öý­le­ri­ne gi­rer eken. Bu ge­ze­gem ol mek­dep­den ge­lip­dir-de, Ga­ra­ta­ýyň ýa­ny­na ba­ryp­dyr. Gör­se, taý gö­zün­den ýaş ak­dy­ryp dur­muş. Og­lan oňa:
– Ýe­ri, ta­ýym, nä­me üçin gö­züň­den ýaş dö­küp dur­suň? Bir ýe­riň agyr­ýar­my ýa ajyk­dyň­my?- di­ýip­dir.
Ga­ra­taý oňa:
– Men ag­la­man, kim ag­la­syn? Öweý eneň se­niň ýo­gu­ňa çyk­ma­gy ýü­re­gi­ne düw­di. Köp­bil­miş kempir bi­len mas­la­hat­la­şyp, bo­sa­ga­ňyz­da gy­lyç gö­müp goý­dy – di­ýen.
Og­lan öýe ba­ryp, bo­sa­ga­da göm­len gy­ly­jyň üs­tün­den bö­küp ge­çip­dir-de, sa­çak­da­ky ga­ty-gu­ty nan­dan gar­ny­ny doý­rup­dyr-da ýe­ne Ga­ra­ta­ýyň ýa­ny­na ba­ryp­dyr-da:
– Sen ar­ka­ýyn bol! Bet­päl­le­riň ýe­ne nä­hi­li emel et­jek bol­ýan­dyk­la­ry­ny duý­dur­saň bol­ýar – di­ýip­dir.
Ni­ýe­ti ba­şa bar­ma­dyk öweý ene er­te­si ýe­ne köp­bil­miş kem­pi­riň ýa­ny­na ba­ryp­dyr-da:
– Ol aý­da­ny­ňyz-a bol­ma­dy. Gy­ly­jy edil özi gö­müp go­ýan ýa­ly, ge­len­de-de, gi­den­de-de onuň üs­tün­den bö­küp geç­di – di­ýip­dir. Kem­pir oňa:
– Onuň gaý­gy­sy­ny et­me­se­ne. Ol bol­ma­sa bu bo­lar, şu­ny na­ha­ry­na sep – di­ýip, eli­ne içi zä­her­li bir dü­wün­çe­ji­gi gys­dy­ryp­dyr. Og­lan mek­dep­den gel­şi­ne, ýe­ne Ga­ra­ta­ýyň ýa­ny­na ba­ryp­dyr. Ga­ra­taý oňa:
– Ene­li­giň se­niň ba­şy­ňa ýet­män yn­jal­jak däl. Ol bu gün na­ha­ry­ňa awy se­pip ber­mä­ge taý­ýar­la­nyp otyr. Go­wu­sy, bu ýer­den gi­de­li. Ni­rä bar­saň-da, bir dö­wüm çö­rek ta­par­syň – di­ýen.
Og­lan ta­ýy­nyň boý­nu­ny sy­pap:
– Dog­duk me­ka­nyň­dan aý­ryl­mak aň­sat däl. Bi­raz sa­byr ede­li. Bel­ki, ene­li­gim pä­lin­den gaý­dar – di­ýip­dir-de, öý­le­ri­ne ba­ryp­dyr.
– Gel­diň­mi, og­lum, ýa­man gi­jä gal­dyň-la? Iş­dä­ňi aç­syn di­ýip noý­ba­ly­ja unaş bi­şi­rip­dim – di­ýip, onuň da­şyn­da ho­za­nak atyp baş­lap­dyr. Öňün­de bir oka­ra unaş ge­ti­rip go­ýup­dyr. Og­lan oňa:
– Ene, şu gün bi­rin­ji ge­zek ma­ňa og­lum diý­diň. Ýö­ri­te aş bi­şi­rip­siň. Ine, in­di bir oka­ra­dan bi­le­je ta­gam iýäý­sek, men ýe­tim­di­gi­mi ýa­dym­dan çy­ka­ra­ryn – di­ýen.
Ene­li­gi al­jy­rap­dyr:
– Wah, gu­zym, se­niň ge­le­ri­ňe gys­sa­nyp, ýa­ňy bir oka­ra­ny ba­şy­ma çe­kä­ýip­di­rin. Men dok.
– Bol­ýar, dok bol­saň, göw­nüm üçin bir çem­çe­jik içäý. Baş­lap ber­di­giň bo­lar. Öweý ene nät­je­gi­ni bil­män, sil­ten­ji­räp:
– Bol­man­da-da, müň gep tap­ja­gy­ňy bil­ýä­dim. Asyl öz do­gur­ma­dyk ça­ga­ňa ýag­şy­lyk edip, ýa­ra­nyp bol­maz eken – di­ýen bo­lup­dyr-da, aş­ly oka­ra­ny onuň öňün­den alyp gi­dip­dir. Ol ýe­ne kem­pi­riň ýa­ny­na ba­ryp:
– Men-ä bi­len däl­di­rin, ma­ma jan! Ol me­niň ni­ýe­ti­mi bi­lip dur. Zä­her­li una­şy iç­me­den-ä ge­çen, tas ony me­niň özü­me içi­rip­di. Haý­ýar­lyk edip, zor­dan syp­dym – di­ýen.
Kem­pir oňa:
– Ol kim bi­len gat­naş­ýar? Öýe gir­mez­den öň ki­miň ýa­ny­na bar­ýar? – di­ýen.
– Hiç kim bi­le­nem gep­le­şe­nok. Ýö­ne öňür­ti ta­ýy­nyň ýa­ny­na ba­ryp, soň öýe gir­ýär.
– On­da bi­ziň sy­ry­my­zy şol aýd­ýan­dyr. Onuň ta­ýy­nyň reň­ki nä­hi­li?
– Şar ga­ra.
– Ga­ra bol­sa, sen er­tir ke­sel­län bol-da, ýe­riň­den gal­man ýat. Goň­şy-go­lam­la­ryň so­ra­ma­ga ge­lip, nä­me iýe­siň gel­ýär? Göw­nüň is­län za­dy­ny aýt di­ýer­ler we­li, ga­ra ta­ýyň eti­ni iýe­sim gel­ýär diý. Ta­ýy ýok et­di­rip bil­seň, og­la­ny-da ýok et­di­giň­dir.
Er­te­si öweý ene kem­pi­riň öw­re­di­şi ýa­ly, syr­kaw­lan bo­lup: “Ga­ra ta­ýyň etin­den bir doý­sam, göw­nü­me açy­lyp gi­däý­je­k ýa­ly bo­lup du­run” di­ýen bo­lup ýa­typ­dyr. Mun­dan bi­ha­bar og­lan giç öý­län mek­dep­den ge­lip, Ga­ra­ta­ýyň ýa­ny­na ba­ryp­dyr. Gör­se, ta­ýy ýe­ne gö­zün­den ýaş dö­küp dur­muş. Og­lan se­bä­bi­ni so­ra­sa, ol şeý­le di­ýen:
– Şu ýer­den gi­de­li diý­dim, et­me­diň. Olar me­niň hem­me sy­ry sa­ňa aý­dyp ber­ýä­ni­mi bil­di­ler. Ene­li­giň ýa­lan­dan syr­kaw­lan bo­lup, ga­ra ta­ýyň eti ma­ňa der­man bo­lar di­ýip ýa­tyr. “Işik­den tap­saň, tö­re öt­me” diý­len na­kyl bar­dyr. Olar me­ni go­ýup, baş­ga ýer­den ga­ra taý idäp ýör­mez­ler. Er­tir hä­zir bo­lup dur. Me­ni soý­jak bo­lup, ta­na­py­my çö­zen­le­rin­de, bir kiş­ňä­rin. Aýa­gy­my güý­len­le­rin­de, ýe­ne bir kiş­ňä­rin. Gez­li­gi gaý­ran­la­ryn­da üçün­ji ge­zek kiş­ňä­rin. Şon­da ýe­tip ge­lip, bir alaç et­me­seň, iki­mi­zi­ňem öl­dü­gi­miz­dir.
Er­te­si og­lan ir­den mek­de­be ba­ryp, ta­ýy­nyň kiş­ňä­ri­ne ga­ra­şyp otu­ryp­dyr. Ine, bir­den Ga­ra­ta­ýyň se­si ýaň­la­nyp­dyr. Og­lan mol­la ýal­ba­ryp­dyr:
– Mol­lam, rug­sat ber, bir daş çy­kyp ge­le­ýin.
– Otur, ýe­ne az wagt­dan hem­mä­ňiz bi­le çy­kar­sy­ňyz!
Ga­ra­taý ikin­ji ge­zek kiş­ňäp­dir. Og­lan ýe­ne rug­sat so­rap­dyr. Öň­den “Goý­ber­me­gin” di­ýip sar­ga­lan mol­la oňa jo­gap ber­män­dir. Bol­ma­ja­gy­ny bi­len og­lan işik­den tow­sup çy­kyp­dyr. Ol ta­ýy üçün­ji ge­zek gy­gy­ran­da, ýe­tip ge­lip, ta­ýy soý diý­len adam­la­ra ýal­ba­ryp baş­lap­dyr:
– Du­ra­we­riň, aga­lar, öz elim bi­len ýyl­bo­ýy ba­kyp, mu­ny bir ge­ze­gem mü­nüp gö­re­mok. Ony soý­sa­ňyz soň so­ýuň. Üs­tü­ne at­la­nyp, hol be­ýi­ge ýe­tip gaý­da­ýyn – di­ýip­dir.
– Adam­lar mas­la­hat­la­şyp: “Ýü­re­gin­de ar­man gal­ma­syn. Goý, hö­wes edip ba­kan ta­ýy­ny bir ge­zek mü­nüp gal­syn-da” diý­şip­dir­ler. Og­lan Ga­ra­ta­ýyň üs­tü­ne mü­nüp, es­li ara açan soň, oňa bir gam­çy ça­lyp­dyr we­li, onuň as­ma­na uça­ny­ny-da, ýe­re gi­re­ni­ni-de gör­män ga­lyp­dyr­lar. Mu­ny eşi­den ene­li­gi sa­ga­lyp otu­ry­be­rip­dir. Og­lan bol­sa şol ça­pyp gi­di­şi­ne bir çar­ba­ga ba­ryp ýe­tip­dir. Bu bag bir pa­ty­şa­nyň ba­gy bo­lup, onuň için­de bil­bil­ler saý­ra­şyp, gül­ler açy­lyp, bu­lak­lar şar­la­şyp dur­muş. Og­lan Ga­ra­ta­ýy ota goý­be­rip, ba­gyň or­ta­syn­da­ky how­zuň bo­ýun­da gy­şa­ryp­dyr-da, süý­ji uka gi­dip­dir.
In­di ha­ba­ry şol ýur­duň pa­ty­şa­sy­nyň gyz­la­ryn­dan al. Şa­nyň bi­ri-bi­rin­den owa­dan üç gy­zy bar eken. Olar her gün egin ka­kyş­dy­ryp, ýaň­ky ba­ga se­ýil edip gi­der eken­ler. Olar bu gü­nem bag­da aý­la­nyp, ýa­dap­dyr­lar-da, dynç al­mak üçin how­zuň ba­şy­na ge­lip­dir­ler. Gör­se­ler, bir now­ju­wan og­lan uk­lap ýa­tyr­myş. Pa­ty­şa­nyň ki­çi gy­zy gö­re­nin­den, oňa aşyk bo­lup­dyr-da, çök dü­şüp, ýag­ly­gy bi­len og­la­nyň ýü­zü­ni ýel­päp baş­lap­dyr. Uly uýa­la­ry bol­sa, ýüw­rüp köş­ge ba­ryp­dyr­lar-da, bu wa­ka­ny ata­la­ry­na ha­bar be­rip­dir­ler. Pa­ty­şa sä­hel-mä­hel za­da göw­ni ýet­me­ýän, tu­tu­my gy­zy­myň akyl-hu­şu­ny alar ýa­ly ol nä­hi­li ýi­git­kä di­ýip, özi ba­ga ge­lip­dir. Gör­se, ele­şan ge­ýim­li owa­dan bir ýet­gin­jek ýi­git süý­ji uk­lap ýa­tyr­myş. Ki­çi gy­zy-da on­dan gö­zü­ni aýyr­man, ýü­zü­ni ýel­päp otyr­myş. Pa­ty­şa bu bo­lup du­ran işe haý­ran ga­lyp, köş­gü­ne ge­lip­dir-de, uly gyz­la­ry­na:
– Özi gö­zü­ni aç­ýan­ça, og­la­ny oýat­maň. Uku­sy­ny alyp tu­rar we­li, ony öýe el­tiň – di­ýip­dir.
– Og­lan oýa­nan­soň, gyz­lar ony öý­le­ri­ne äki­dip­dir­ler. Pa­ty­şa so­wal be­rip, og­la­nyň aky­ly­ny sy­nap gö­rüp­dir. Göw­ni ýe­ten­soň, ony ýu­wun­dy­ryp, şa­ha­na ly­bas­lar bi­len be­zäň di­ýip, hyz­mat­kär­le­ri­ne buý­ruk be­rip­dir. Ham­mam­dan çy­kyp, zer­li ly­bas­la­ry ge­ýen og­la­ny gö­ren­den, ogul­syz şa­nyň gö­zi has-da do­ku­nyp­dyr we:
– “Og­lu­myň sö­ýe­ni gel­nim, gy­zy­myň sö­ýe­ni gi­ýe­wim” diý­ip­dir­ler. Sen bol­saň me­niň hem gi­ýe­wim, hem og­lum bol­ma­ly­syň. Öm­rüm­de ogul per­zen­de ýü­züm düş­me­di, kö­şe­gim! – di­ýip­dir.
Kyrk gi­je-gün­diz toý edip, pa­ty­şa ýaň­ky ýe­ti­mi öz or­nu­na pa­ty­şa bel­läp­dir. Ki­çi gy­zy­ny-da oňa ni­ka­lap be­rip­dir. Bu og­la­nyň pa­ty­şa­lyk eden döw­rün­de ga­ryp-ga­sar­la­ryň, ýe­tim-ýe­sir­le­riň hem­me­si bagt­ly ýa­şan­myş. Ga­ra­taý hem og­la­nyň we­pa­ly ýol­da­şy bo­lup, öm­rü­niň ahy­ry­na çen­li ki­miň dost, ki­miň duş­man­dy­gy­ny oňa aý­dyp be­ren­miş.