Hindistanda yşyklaryň baýramy hasaplanýan Diwali festiwaly geçirildi. Hindi medeniýetinde bu baýramçylyk ýagşylygyň ýamanlykdan üstün çykmagyny alamatlandyrýar. Ýurtda giňden bellenilýän baýramçylyklaryň biri bolan Diwali güni adamlar öýlerini, dükanlaryny, ybadathanalary we beýleki ýerleri çyralar bilen bezeýärler. Myhmanlary garşy almak üçin bolsa, öýüň girelgesine reňkli tozgalar bilen gülüň nagşyny çekýärler. Şeýle hem toýundan ýasalan şemdanlarda şem ýakylýar. Bu baýramçylykda adamlar täze egin-eşikleri geýnip, dost-ýarlaryna we dogan-garyndaşlaryna sowgat berýärler.