EURO 2024-de çykyş etjek ýygyndylaryň hataryna ýene biri goşuldy. Saýlama tapgyrynyň J toparçasynda öz meýdançasynda Islandiýany 4-2 ýeňen Slowakiýa Portugaliýadan soň toparçada 2-nji ýeri eýelemäge hukuk gazandy we çempionatyň final tapgyryna ýollanma aldy. Kuçka (30), Duda (36 p), Harasliniň (47, 55) gollary bilen garşydaşyny 4-2 hasabynda ýeňen slowaklar bassyr 3-nji gezek Ýewropa çempionatyna wekilçilik ederler.

Toparçanyň lideri Portugaliýa myhmançylykda Lihtenşteýni Ronaldo hem-de Kanselonyň gollary bilen 2-0 ýeňdi. Saýlama tapgyrynda 10-njy goluny geçiren Ronaldonyň milli ýygyndydaky gollarynyň sany 128-e ýetdi.

Ýewropa çempionatynyň bosagasyndan gaýdan Lýuksemburg öz meýdançasynda Bosniýa we Gersegowinany 4-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ýöne bu ýeňiş olara ýeterlik bolmady.