17-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew şu ýylyň 28 — 30-njy noýabry aralygynda geçirilmegi meýilleşdirilen “Agro-Pak Türkmenistan — 2023” atly halkara sergä taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, gözden geçirilişe azyk we oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaplamak, saklamak, gaýtadan işlemek bilen meşgullanýan kompaniýalar gatnaşar. Olar tehnologik enjamlaryny, gaplama serişdelerini, bagçylyk, guşçulyk, maldarçylyk, tohumçylyk we beýleki ugurlarda ylmyň gazananlaryny we häzirki zaman tehnologiýalaryny görkezerler. Serginiň çäklerinde tejribe alyşmak hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, ikitaraplaýyn duşuşyklary guramak meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalary bilen tanyşdyrýan «Agro-Pak Türkmenistan — 2023» atly halkara sergini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.