ABŞ-nyň kos­mos pu­da­gyn­da iş alyp bar­ýan “SpaceX” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Aýa uçur­mak mak­sa­dy bi­len iş­le­nip taý­ýar­lan­ýan “Stars­hip” ra­ke­ta­sy­nyň ikin­ji sy­nag uçu­şy hem şow­suz ta­mam­lan­dy. Äpet ra­ke­ta ho­wa gö­te­ri­len­den 2,5 mi­nut­dan soň­ra ýa­ryl­dy. Uçuş 90 mi­nut do­wam et­me­li­di. Part­la­ýy­şyň ikin­ji uçuş tap­gy­ryn­da eme­le ge­len­di­gi mä­lim edil­di.
Kom­pa­ni­ýa­nyň in­že­ne­ri “Jon Insp­ru­ker bu sy­nan­şyk­la­ry sa­pak al­mak we kem­çi­lik­le­ri­mi­zi gör­mek üçin ýe­ri­ne ýe­tir­ýä­ris. Bu gün­ki sy­na­ny­şyk­da ra­ke­ta­nyň 33 mo­to­ry hem bök­denç­siz iş­le­di. Uçu­şyň ikin­ji tap­gy­ryn­da­ky part­la­ýy­şyň aw­to­ma­tik uçu­şy du­ruz­ýan ul­ga­myň bes edil­me­gin­de gi­jä gal­mak bi­len bag­ly­dy­gy­na ynan­ýa­rys” – di­ýip bel­le­di.
Mun­dan ozal ap­rel aýyn­da ama­la aşy­ry­lan uçu’da ra­ke­ta 4 mi­nut­dan soň­ra ýa­ry­lyp­dy. Kom­pa­ni­ýa bu ra­ke­ta bi­len Aýa adam­ly uçuş­la­ry ýo­la goý­mak is­le­ýär.