Gö­zel paý­tag­ty­myz Ku­raş bo­ýun­ça 14-nji dün­ýä çem­pio­na­ty­ny ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mä­ge taý­ýar. Paý­tag­ty­my­zyň gö­zel kün­je­gin­de ýer­leş­ýän Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­dä­ki Ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty sport top­lu­my bir­ba­da 5 müň­den gow­rak jan­kö­ýe­re sport ýa­ryş­la­ry­na to­ma­şa et­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer. Bu des­ga­da tür­gen­le­riň, tä­lim­çi­le­riň ýa­ry­şa taý­ýar­lan­ma­gy, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­riň ka­da­ly iş­le­me­gi, jan­kö­ýer­le­riň wag­ty­ny hoş ge­çir­me­gi üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di­len­dir.
Şu ge­zek­ki dün­ýä çem­pio­na­tyn­da ýa­ryş­lar ag­ram de­re­je­le­ri­niň 15-si bo­ýun­ça ge­çi­ri­ler. Er­kek­ler 60, 66, 73, 81, 90, 100 we 100 ki­log­ram­dan ýo­ka­ry ag­ram de­re­je­le­rin­de, ze­nan­lar bol­sa 48, 52, 57, 63, 70, 78, 87 we 87 ki­log­ram­dan ýo­ka­ry ag­ram de­re­je­le­rin­de bäs­le­şer­ler. Päl­wan­lar me­dal top­lum­la­ry­nyň 15-si ug­run­da gö­re­şer. Her ag­ram de­re­je­sin­de 1 al­tyn, 1 kü­müş we 2 bü­rünç me­dal gow­şu­ry­lar. Şeý­le­lik­de, baý­rak­ly orun­la­ryň je­mi 60-sy bo­lar.
55-e go­laý döw­le­te we­kil­çi­lik et­jek 250 çe­me­si tür­ge­niň ara­syn­da gu­ral­jak ýa­ryş­da ýur­du­my­zyň sport ab­ra­ýy­ny go­ra­mak üçin er­jel päl­wan­la­ryň 15-si saý­la­nyp alyn­dy. Olar da­şa­ry ýurt­lar­da we Ar­ka­dag şä­he­ri­niň döw­re­bap sport des­ga­la­ryn­da bir­nä­çe okuw-tür­gen­le­şik ýyg­na­ny­şyk­la­ry­ny geç­di­ler. Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan tä­lim­çi­si Dört­gu­ly Te­je­no­wyň ha­ly­pa­ly­gyn­da tür­gen­leş­ýän er­kek­ler mil­li ýy­gyn­dy­my­zyň dü­zü­mi­ne päl­wan­la­ryň 7-si gi­rer: We­pa Aw­li­ýa­ku­ly­ýew (60 kg), Döw­let Ham­ra­ku­ly­ýew (66 kg), Şat­lyk Ju­ma­ny­ýa­zow (73 kg), Da­ýanç Omi­row (81 kg), San­jar Ab­dy­rah­ma­now
(90 kg), Rus­lan Es­ge­row (100 kg) hem-de Sa­pa Sa­pa­ýew (+100 kg). Ze­nan­lar ýy­gyn­dy to­pa­ry­myz­da tür­gen­le­riň 8-si: Aý­şi­rin Haý­da­ro­wa (48 kg), Aý­nur Ama­no­wa (52 kg), Gül­şat An­na­ýe­wa (57 kg), Di­na­ra Ro­zy­ku­lo­wa (63 kg) Ma­ri­ýa Lo­ho­wa (70 kg), Sa­bi­na Ka­dy­ro­wa (78 kg), Ja­han Mu­ham­me­do­wa (87 kg) hem-de Sa­bi­na Aga­ja­no­wa (+87 kg) hal­ka­ra de­re­je­li sport us­sa­dy Şi­rin Ku­ba­ýe­wa­nyň tä­lim­çi­li­gin­de ýa­ry­şa taý­ýar­lan­ýar.
Bar­ha ýa­kyn­la­ýan dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň tür­gen­le­ri­miz üçin üs­tün­lik­li geç­me­gi­ni, jan­kö­ýer­le­re bol­sa ýat­dan çyk­ma­jak pur­sat­la­ry ba­gyş et­me­gi­ni ar­zuw ed­ýä­ris.
Bel­läp geç­sek, 2016-njy ýyl­dan bä­ri Ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty sport top­lu­myn­da hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryň bir­nä­çe­si, şol san­da jiu-jit­su bo­ýun­ça Azi­ýa­nyň çem­pio­na­ty, gu­şak­ly gö­reş bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ryş, sam­bo bo­ýun­ça Azi­ýa­nyň çem­pio­na­ty, kik­bok­sing bo­ýun­ça yk­ly­myň bi­rin­ji­li­gi, Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň bäs­le­şik­le­ri üs­tün­lik­li ge­çi­ril­di.