Alym­lar Pe­ru­nyň soň­ky 50 ýyl­da buz­luk meý­dan­la­ry­nyň ýa­ryn­dan gow­ra­gy­nyň ýok bo­lan­dy­gy­ny anyk­la­dy­lar. Ýur­duň Mil­li buz­luk we dag ekoul­gam­la­ry bar­lag­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň (Inai­gem) hü­när­men­le­ri ýurt­da­ky 175 buz­lu­gyň 2016-2020-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da kli­ma­tyň üýt­ge­me­gi ze­rar­ly ýok bo­lan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Pe­ru­da 1050 ine­dör­dül ki­lo­metr­lik buz­luk bar. Bu buz­luk­la­ryň meý­da­ny 1962-nji ýyl­dan bä­ri 56 gö­te­rim aza­lyp­dyr. Ins­ti­tu­tyň buz­luk bi­li­mi bo­ýun­ça hü­när­me­ni Maý­ra Me­hia ýurt­da­ky buz­luk meý­dan­la­ryň bir­nä­çe­si­niň erän­di­gi­ni bel­le­di.
Me­hia 1962-nji ýyl­dan bä­ri Çi­la da­gyn­da Ama­zon­ka der­ýa­sy­na guý­ýan buz­luk­la­ryň 99 gö­te­ri­mi­niň ýok bo­lan­dy­gy­ny bel­le­ýär. Ins­ti­tu­tyň di­rek­to­ry Je­sus Go­mes tem­pe­ra­tu­ra­nyň art­ma­gy­nyň, esa­san hem, tro­pik se­bit­ler­de buz­luk­la­ryň ere­me­gin­dä­ki esa­sy se­bäp­di­gi­ni aýt­dy.