Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen merdana halkymyzyň uzak asyrlaryň dowamynda döreden ruhy gymmatlyklarynyň şöhratly taryhy, şu güni içgin öwrenilýär. Bu babatda milli Liderimiziň “Türkmen medeniýeti”, “Arşyň nepisligi”, Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly eserleri biziň üçin ýol görkeziji gollanmalardyr.
Türkmen halk aýdym-sazlary asyrlarboýy nesilden-nesle, bagşydan-bagşa, sazandadan-sazanda geçip, barha kämilleşipdir. Halypa bagşy-sazandalarymyz halk aýdym-sazlaryny, dessanlaryny berk ýatda saklamak bilen olaryň çalnyşyny, aýdylyşyny ýaş neslimiziň aňyna mäkäm ornaşdyryp gelipdirler. Nusgawy şahyrlarymyzyň naýbaşy eserleriniň biziň günlerimize gelip ýetmegine hem ussat bagşylarymyzyň uly goşandy bardyr. Myhmansöýer, şahandaz halkymyzyň aýdym-saz taryhynda öçmejek yz galdyran Şükür bagşy, Hally bagşy, Täçmämmet Suhanguly, Sary bagşy, Nazar baga, Nobat bagşy, Girman bagşy, Oraz salyr, Garly bagşy, Mylly Täçmyrat, Magtymguly Garly, Sapar Beki, Sahy Jepbar, Pürli Sary, Nurberdi Gulow… ýaly ussatlarymyzyň atlary şu bagtyýar günlerimizde-de uly hormat bilen tutulýar.
Berkarar döwletimiziň hemme künjeginde bolşy ýaly, Balkan welaýatynda-da geçmişde Çarykly, Gyr bagşy, Sörtük Gyzyl, Garadäli gökleň, Aly Seýit, Annameňli Sakgar, Wejan kör, Oraz (Orazsähet) bagşy, Söýün bagşy, Hojanepes Çowdur, Çörli bagşy ýaly biri-birinden joşgunly bagşy-sazandalary ýaşap geçipdir. Şolaryň biri-de ussat gyjakçy Hanmämmet Allanur ogludyr.
Hanmämmet gyjakçy 1887-nji ýylda Magtymguly (Garrygala) etrabynyň Sowrally obasynda eneden bolýar. Hanmämmediň kakasyna Allanur ussa, Allanur bagşy hem diýer ekenler. Allanur dutar çalmagy saz äleminde uly yz goýan beýik sazanda Garadäli gökleňden öwrenipdir. Garadäli gökleň aradan çykandan soňra, ol Garrygalanyň Sakar obasynda ýaşap geçen meşhur halypa bagşy Annameňli Sakgardan tälim alýar.
Allanur ussa ogly Hanmämmede dutar çalmagy öwredýär. Hanmämmediň saz çalmaga bolan ukybyna göz ýetiren Allanur ussa zamandaşlaryna “Gyjaga dil bitiren” diýdiren ussat sazanda Aly Seýide maslahata barýar we ondan ogluna gyjak çalmagy öwretmegi haýyş edýär. Şeýdibem Hanmämmet ussat gyjakçydan ençeme ýyllap saz çalmagyň inçe syrlaryny öwrenýär. Ol ilki-ilkiler Artyk sazanda bilen bilelikde meşhur bagşy Çowdur körüň (Hojanepes Çowduryň) ýanynda sazandarlyk edip, Balkan topragynda ençeme toý-meýlisleri sowýar.
Şol döwürlerde Etrekde belli gyjakçy Berdigylyç ýaşaýar eken. Ol meşhur sazanda Täçmämmet Suhanguly bilen ýakyn aragatnaşykda bolupdyr. Berdigylyç aga Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Sarman Hudaýberdiýewiň kakasy Hudaýberdi bagşynyň, Töre bagşynyň ýanynda gyjak çalyp, ildeşlerine hezil beripdir. Ýeri gelende aýtsak, Berdigylyç gyjakçy Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Orazgylyç Gurbanýazowyň atasydyr.
Geçen asyryň 20-nji ýyllarynyň ortalarynda, bahar aýlarynyň başynda Garrygalada tutulan uly toýda ussatlyga kemsiz ýeten Çowdur kör bagşyçylyk edipdir. Bu toýa Hywa topragyndan Nazar Baganyň şägirdi, asly gökleňlerden bolan Oraz bagşy (Oraz Sähet), Bamydan Sary bagşy çagyrylypdyr. Bu toýda üç ägirdiň owazy ýaňlanypdyr. Şondan soňra Hanmämmet gyjakça göwni ýeten Sary bagşy oňa öz sazandasy bolmagy teklip edipdir. Wagtyň geçmegi bilen Hanmämmet Türkmensähra, Ahal, Etrek, Gürgen sebitlerine belli bolýar.
Bu ýerlerde Hanmämmet gyjakçy Oraz bagşy, Çowdur kör bilen bilelikde ençeme toý-meýlisleri sowupdyr. 1910-njy ýylda, bahar aýynyň sapaly günleriniň birinde Bamyda uludan tutuljak toýda Sary bagşynyň aýdym-saz etjekdigi tutuş Ahala, Balkana ýaýraýar. Bu toýda oňa Hanmämmet gyjakçynyň sazandarlyk etjekdigi-de aýan edilipdir. Toýa gelenler iki ussadyň belent heňlerini diňläp, olara alkyş baryny aýdypdyrlar. Hanmämmet gyjakçy Sary bagşynyň ogullary Pürlä, Nura, Oraza gyjak çalmagy öwredipdir.
Belli rus alymy B.A.Uspenskiý 1927-nji ýylyň güýzünde Garrygala sebitlerine gelip, ylmy syýahatyny dowam etdirýär. Ol bu ýerde gyjak çalmagyň ussady Aly Seýidiň şägirdi Hanmämmet Allanur bilen duşuşýar. Hanmämmet meşhur syýahatça ilki bilen şahyr Misgingylyjyň dosty, ussat hem ezber gyjakçy Aly Seýidiň “Meşrebini” çalyp berýär. Rus alymy Hanmämmediň çalýan sazlaryny diňläp, onuň ezberligine haýran galýar we Hanmämmediň çalan sazlarynyň 19-syny nota geçirýär. Şolaryň içinden “Hatyja”, “Ýaşylbaş” sazlaryna düşündiriş hem berýär.
Arkadag Prezidentimiz il-gününe halal hyzmat eden şahsyýetleriň halk hakydasynda baky ýaşaýandygyny nygtaýar. Bu aýdylanlara şu ýylyň 1-nji martynda Balkanabatda meşhur ussatlarymyz Nurberdi Gulowyň doglan gününiň 100, Hanmämmet gyjakçynyň 130 ýyllygynyň döwlet derejesinde bellenilip geçilenligi-de anyk şaýatlyk edýär.
Hoja Bugraýew,
Balkan welaýat köpugurly
hassahanasynyň lukmany.