Okt­ýabr aýyn­da ge­çi­ri­len par­la­ment saý­law­la­ryn­da ýe­ňiş ga­za­nan Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň mil­li par­ti­ýa­sy­nyň li­de­ri Kris­to­fer Lak­son hö­kü­met gur­ma­ga taý­ýar­dy­gy­ny mä­lim et­di we ýur­duň tä­ze Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň dü­zü­mi­ni yg­lan et­di.
-Men ge­ne­ral-gu­ber­na­to­ry­ma hö­kü­met gur­ma­ga taý­ýar­dy­gy­my we Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň 42-nji Prem­ýer-mi­nist­ri hök­mün­de ka­sam edil­me­gi­ne sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýan­dy­gy­my ha­bar ber­dim – di­ýip, tä­ze Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ag­za­la­ry­nyň hem “işe baş­la­ma­ga taý­ýar­dyk­la­ry­ny” aýt­dy.
Lak­son ozal žur­na­list­ler bi­len söh­bet­deş­lik­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň we do­lan­dy­ry­jy koa­li­si­ýa par­ti­ýa­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň – Wins­ton Pi­ter­siň (“Tä­ze Ze­lan­di­ýa, oza­ly bi­len” par­ti­ýa­sy) we De­wid Seý­mu­ryň (ACT par­ti­ýa­sy) onuň bi­len ka­sam et­jek­di­gi­ni aýt­dy. Olar wi­se-prem­ýer we­zi­pe­si­ni no­bat bo­ýun­ça sak­lar­lar – möh­le­tiň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da Wins­ton, soň bol­sa Seý­mu­ra ge­çer. Şeý­le hem tä­ze ka­bi­net­de 20 mi­nist­riň bol­jak­dy­gy ha­bar be­ril­di.
Tä­ze Ze­lan­di­ýa­da par­la­ment saý­law­la­ry 2023-nji ýy­lyň 14-nji okt­ýab­ryn­da ge­çi­ril­di, ýö­ne iň köp ses alan Mil­li par­ti­ýa öz­baş­dak hö­kü­met gur­mak üçin ze­rur köp­lü­gi alyp bil­me­di we beý­le­ki iki par­ti­ýa bi­len koa­li­si­ýa dö­ret­mek üçin uzyn gep­le­şik­le­ri ge­çir­mä­ge mej­bur bol­dy.
Saý­law to­pa­ry­nyň ha­ba­ry­na gö­rä, CNPP saý­law­lar­da ses­le­riň 38,06%-ini (par­la­ment­dä­ki 48 orun) al­dy, uzak wagt­lap hyz­mat­da­şy ACT par­ti­ýa­sy 8,64% (11 orun) al­dy. Olar par­la­ment köp­lü­gi­ni dö­ret­mek üçin (122-den 62 orun) “Tä­ze Ze­lan­di­ýa oza­ly bi­len” par­ti­ýa­sy bi­len koa­li­si­ýa ba­ra­da gep­le­şik ge­çir­me­li bol­dy. “Tä­ze Ze­lan­di­ýa oza­ly bi­len” par­ti­ýa­sy bu saý­law­lar­da ses­le­riň 6.08%-ine (par­la­ment­dä­ki 8 orun) eýe bol­dy.