Mis şaýy pullardan doly küýze Pakistandaky ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän Mohenjo-Daroda geçirilýän gazuw-agtaryşlar işleri wagtynda tapyldy. Bu taryhy ýadygärligiň çäklerinde soňky 93 ýylda tapylan iň uly hazynadyr.
Ind jülgesinde iri şäher bolan Mohenjo-Daro miladydan öňki 2600-1900-nji ýyllarda gülläp ösüpdir. Mundan dört müň ýyl ozal ýerli ýaşaýjylar ony terk edipdirler. Hazynanyň umumy agramy bäş ýarym kilogramdan geçýär. Şaýylyklaryň biri-birine ýapyşyp galanlygy üçin olaryň ýüzündäki ýazgylary okamak başartmady. Emma alymlar barlaghanada mis pullary arassalap boljakdygyny aýdýarlar.
Mohenjo-Daronyň arheologiýa bölüminiň müdiri Şakir Şah şaýylyklaryň Kuşan döwrüne degişli bolmagynyň mümkindigini aýdýar. Kuşan döwleti, takmynan, Miladynyň I-III asyrlarynda höküm sürüpdir. Bu döwlet Ind jülgesiniň dürli sebitleriniň arasynda söwdanyň, diplomatiýanyň we medeni gatnaşyklaryň ösmeginde möhüm hyzmaty bitiripdir diýip, “Arkeonews” neşiri ýazýar.