Owgan häkimiýetleri ýurduň birnäçe welaýatynda, azyndan, 285 lukmançylyk merkezini gurar. Bu barada ýurduň “TOLOnews” teleýaýlymynda saglyk ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Kalandar Ibada habar berdi.
Kalandar Ibada saglygy goraýyş ministrliginiň daşary ýurtlarda ýaşaýan tejribeli we ökde lukmanlary işgär ýetmezçiligi sebäpli watanyna dolanmaga çagyrýandygyny belledi. K. Ibad tutuş ýurt boýunça näsaglary bejermek üçin 45 müň lukmançylyk düşegi bilen enjamlaşdyrylmalydygyny, häzirki wagtda olaryň hakyky sanynyň talap edilýän mukdardan 30% azdygyny aýtdy.
Birleşen Milletler Guramasynyň Ynsanperwerlik meselelerini utgaşdyrmak boýunça bölümi (OCHA) tarapyndan ýaýradylan meýilnama laýyklykda, Owganystandaky 14 million ýaşaýjy, şol sanda 7,5 million çaga we 3,1 million zenan, OCHA tarapyndan ýörite lukmançylyk kömegini alýar.