Hindistanyň “Aditya-L1” kosmos stansiýasynyň uçuşy ahyrky tapgyra gadam basdy. Maglumatlara görä, enjam 2024-nji ýylyň 7-nji ýanwaryna çenli “Lagranž L1” nokadyna ýetip, şol ýerden Güne gözegçilik eder. Bu barada hindi kosmos gullugynyň başlygy Şridhara Paniker Somnath mälim etdi.
-Häzir “Aditya” ýolda. Meniň pikirimçe, ol iň soňky tapgyryna başlady – diýip, Somnath “Press Trust of India” habarlar gullugy bilen söhbetdeşlikde aýtdy. Onuň sözlerine görä, stansiýanyň L1 nokadyna girmegi üçin soňky taýýarlyk görülýär. Somnath: – L1-e girmek üçin iň soňky hereketler 7-nji ýanwara çenli tamamlanyp biler – diýip sözüniň üstüni ýetirdi.
Güni öwrenmek boýunça ilkinji “Aditya-L1” hindi awtomatik stansiýasy 2-nji sentýabrda Ýeriň orbitasyna çykaryldy. Üç hepde töweregi wagtdan soň enjam Ýerden 1,5 million kilometr uzaklykda ýerleşýän “Lagranž L1” nokadyna tarap barýan traýektoriýa geçirildi. Uçuş 125 gün dowam etmeli. Enjam eýýäm Gün ýelleri barada ylmy maglumatlary toplamaga başlady.
“Lagranž” nokadynda stansiýa Ýere we Güne garanyňda, gymyldysyz galyp, Gün şöhlesini ýazga almak bilen, Güne päsgelçiliksiz gözegçilik edip biler.