Gyrgyz Respublikasynyň parlament komiteti ýurduň milli baýdagynyň dizaýnyny üýtgetmegi göz öňünde tutýan kanun taslamasyny makullady. Bu barada ýurduň iň ýokary kanun çykaryjy edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.
“Konstitusiýa kanunçylygy, döwlet gurluşy, kazyýet we hukuk meseleleri we ýokary geňeşiň düzgünleri baradaky komitet 28-nji noýabrda “Gyrgyzystanyň döwlet nyşanlary baradaky” kanuna üýtgetmeler girizmek baradaky kanun taslamasyna ilkinji gezek seretdi we makullady” diýlip beýanatda aýdylýar.
Bu kanun taslamasy, Respublikanyň milli baýdagyna bölekleýin üýtgetme girizmegi göz öňünde tutýar. Hususan-da, ondaky şöhleleriň görnüşini “tolkun görnüşinden Gün şöhlelerini ýada salýan anyk görnüşe üýtgetmek” teklip edilýär.
Döwlet nyşanlaryny üýtgetmek baradaky başlangyç bilen mejlisiň başlygy Nurlanbek Şakiýew we orunbasar Ulan Primow çykyş etdiler. Häzirki wagtda Gyrgyzystanyň baýdagy gyzyl reňkli bolup, ýüzünde ak öýüň tüýnügi (tunduk) sary reňkde şekillendirilip, ondan Günüň tolkun görnüşli 40 şöhlesi dürli tarapa uzap gidýär.
Esasy Dünýä täzelikleri Gyrgyzystanda parlament komiteti milli baýdagyň dizaýnynyň üýtgedilmegini makullady