HSBC banky Hytaýyň daşary ýurtlardaky gönüden-göni maýa goýumynyň her ýylda 50 göterim artjakdygyny, şeýlelikde, 2028-nji ýyla çenli daşary ýurtlardaky maýa goýumynyň 1,4 trillion dollara ýetjekdigini mälim etdi. Ykdysatçylar Frederik Numannyň hem-de Ines Lamyň taýýarlan maglumatynda häzirki wagtda bu ýurduň daşarky maýa goýumynyň jemi içerki önümiň 15,7 göterim töweregidigi mälim edildi. Bu görkezijiniň esasy ösen ýurtlaryňkydan azdygy bellenildi. Ýurduň işläp taýýarlan we durmuşa geçirýän “Bir guşak, bir ýol” maksatnamasyna has köp maýa goýum gönükdirilmegi onuň möçberini artdyrar. Maglumatda bu taslamanyň çäklerinde infrastruktura taslamalarynyň azalýandygy, energiýa, ulag we logistika ýaly hususy pudaga degişli maýa goýumlaryň artýandygy bellenildi.
Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” atly taslamasy dünýä ýurtlarynda, deňiz, demir we awto ýollaryň, energiýa geçirijileriň gurulmagy bilen halkara söwdanyň artmagyny maksat edinýär.
Aýjeren Çaryýewa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.