Dünýäde sportuň dürli ugurlaryndan geçirilýän Olimpiýa oýunlarynyň nyşany hasaplanýan bir-biriniň içinden geçip duran halkalaryň näme many aňladýandygyny bilýäňizmi? Geliň, ony bilelikde öwreneliň!
Aslynda, her bir Olimpiýa oýnunyň özüne mahsus aýratyn nyşany bolýar. Emma dürli reňkli bäş halkanyň şekili bolan baýdak ähli Olimpiýa oýunlarynyň nyşany hasaplanýar. Ol 1920-nji ýyldan bäri bu oýunlaryň simwoly hasaplanylýar we ulanylýar. Ak reňkli baýdagy 1913-nji ýylda Halkara Olimpiýa Komitetiniň ýolbaşçysy Baron Pýer de Kuberten teklip edýär. Halkalaryň reňki gök, gara, gyzyl, sary we ýaşyl bolup, olaryň hersi Ýer ýüzündäki 5 yklymyň nyşany hasaplanýar. Gök Ýewropanyň, sary Aziýanyň, gara Afrikanyň, ýaşyl Awstraliýanyň we gyzyl Amerikanyň simwolydyr. Halkalaryň iç-içe bolmagynyň sebäbi yklymlaryň arasyndaky dostlugy, parahatçylygy we söýgini alamatlandyrýar. Bu baýdakdan başga-da, Olimpiýa oýunlarynyň nyşany, tumary, senasy, kasamy, alawy we medaly bar.