Ýer ýüzündäki jandarlar, ösümlikler ýaşaýan ýeriniň tebigy aýratynlyklaryna görä, dürlüçe bolýar. Dünýäde arydan kiçi guş, uçýan balyk, mör-möjek bilen iýmitlenýän gül, suwda ýaşaýan süýdemdiriji ýaly täsin jandarlaryň ýüzlerçesi bar. Şeýle täsin ösümlikleriň biri hem suw ýüzünde bitýän kiçi rýaska atly otdur. Bu ösümlik öý şertlerinde akwariumda hem ösdürilýär. Olaryň 40 töweregi görnüşi bolup, dünýäniň köp ýerinde, köllerde we ýata suwlarda ösýär. Akwariumda ösdürilýänleri bolsa, balyklar üçin iýmit bolup hyzmat edýär. Olaryň köki 1 sm-den hem kiçi, baldagy 1-2 mm töweregi bolýar. Ol gül açýan ösümlikleriň iň ownugy hasaplanýar. Bu otlar tebigy şertler ýaramaz bolan ýagdaýynda mekgejöweniňkiden on esse köp krahmal öndürýärler we agyrlaşyp suwuň düýbüne çökýärler. Ýaşamagy üçin amatly şertler dörän mahaly gaýtadan suwuň ýüzüne çykýarlar. Rýaskalaryň tebigy aýratynlyklary olary dürli maksatlar üçin peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Rýaskalar iň çalt köpelýän ösümlikleriň biri hasaplanýar. Olar 2 günde tutýan meýdanynyň iki essesini gaplap biljek derejede köpelýärler. Olaryň iň ýaýran görnüşleri “Lemna”, “Lemnaceae”, “Wolffia”, “Spirodela” hasaplanýar. Olar ördekler, oňurgasyz we suwda ýaşaýan beýleki jandarlar üçin iýmit çeşmesi bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda balyklary we öý guşlaryny iýmitlendirmek üçin hem ýörite ýetişdirilýär. Mundan başga-da, hapa suwlary arassalaýanlygy sebäpli suw arassalaýjy howdanlarda ýörite köpeldilýär. Şeýle hem bioýangyç öndürmekde hem peýdalanylýar.