Madagaskaryň Ýokary konstitusiýa kazyýeti 1-nji dekabrda Andri Radzuelinanyň 16-njy noýabrda geçirilen Prezident saýlawlaryndaky ýeňşini tassyklady. ÝKK tarapyndan yglan edilen jemleýji netijelere görä, Andri Radzuelina 58,96% sese eýe boldy. Radzuelinanyň gazanan sesleri ýeňiş gazanmak üçin talap edilýän 50%-den ýokary boldy.
Andri Radzuelina saýlawlaryň netijelerine jemgyýetçilik ulgamda seslenip, öz ýeňşiniň “tutuş malagasy halkynyň ýeňşi bolandygyny” belledi. Onuň aýtmagyna görä, adanyň ýaşaýjylary “Madagaskaryň ösüşini” goldaýarlar. Radzuelina täze möhletinde halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmagyň özüniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri boljakdygyny belledi. Şeýle hem, “ýurduň ösüşine goşant goşmak isleýänleriň hemmesine” goldaw bermekçidigini sözüniň üstüne goşdy. Antananariwudaky birnäçe diplomatik wekilhanalar, şol sanda ABŞ-nyň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanalary ÝKK tarapyndan mälim edilen soňky netijeleri tassyklaýan bilelikdäki beýannamany berdiler.
16-njy noýabrda Madagaskarda Prezident saýlawlary geçirildi, oňa 13 dalaşgäre gatnaşyp, ýakyn bäş ýylda döwlet Baştutany wezipesini eýelemäge dalaş etdi. Dekabr aýynyň ortalarynda 49 ýaşly Radzuelinanyň kasam kabul ediş dabarasy bolar. Konstitusiýa laýyklykda, Prezidentiň ygtyýarlyk möhleti bäş ýyl, şeýle-de bir adam iň ýokary wezipede iki möhletden köp galyp bilmeýär.
Madagaskar Hindi ummanyndaky, Afrika golaý ýerleşýän ada döwleti bolup, ilaty 28,2 milliona deňdir. Ýurduň paýtagty Antananariwu şäheri bolup, bir adany eýeleýän dünýäniň iň uly döwletidir.
Esasy Dünýä täzelikleri Madagaskaryň Ýokary konstitusiýa kazyýeti Andri Radzuelinanyň gaýtadan Prezident saýlanmagyny tassyklady