Angliýada awtoulag önümçiliginiň oktýabr aýynda 31,6 göterim artandygy mälim edildi. Ýurduň Motorly ulag öndürijileri jemgyýetiniň (SMMT) ýaýradan maglumatyna görä, oktýabr aýynda hemi 91 müň 521 ulag öndürilipdir. Içerki bazara niýetlenen ulaglaryň önümçiligi 23,9 göterim ýokarlanyp, 16 müň 178-e, daşarky bazara niýetlenen ulaglaryň önümçiligi 33,4 göterim artyp, 75 müň 343-e ýetipdir. Ýylyň başyndan oktýabryň ahyryna çenli aralykda bolsa, önümçilik geçen ýylyň degişli döwründäkiden 16,7 göterim ýokarlanyp, jemi 751 müň 422 bolupdyr.
Jemgyýetiň ýokary derejeli ýolbaşçysy Maýk Hawes maýa goýumlar baradaky birnäçe esasy täzeliklerden soňra peýda bolan bu görkezijileriň Birleşen Korollygyň awtoulag senagaty üçin 2024-nji ýylyň şowly boljakdygynyň alamatydyygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, ýurduň hökümeti we senagaty awtoulag pudagynyň uglerodsyz gelejegi üçin milliardlarça pul harçlaýar.