Bütindünýä Banky klimat bilen bagly taslamalar üçin ýyllyk berýän maliýe çykdajylaryny 2024-2025-nji ýyllarda 45 göterim artdyrar. Bütindünýä Bankyndan ýaýradylan maglumata görä, Dubaýda dowam edýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň plenar mejlisinde (COP-28) aýan edilen maliýe bukjasy bilen ösüp barýan ýurtlardaky adamlaryň klimatyň üýtgemeginiň emele getiren zyýanyna has gowy garşy durmagyna ýardam etjekdigi bellenildi.
Bank 2024-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 2025-nji ýylyň 30-njy iýuny aralygy öz içine alýan maliýe ýylynda ýyllyk maliýeleşdirilişiň 45 göterimini klimat bilen bagly taslamarlara gönükdirer.