Ýaponiýanyň hökümet Başlygy Kisida Fumio Dubaýda dowam edýän ýylyň klimat bilen bagly iň iri çäresi — BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň plenar mejlisinde (COP-28) çykyş etdi. Ol bu ýerde eden çykyşynda öz ýurdunda kömür ýangyçly energiýa beketlerine bolan garaşlylygy azaltmak bilen bagly zerur çäreleri geçirmegi wada berdi. Ýapon hökümetiniň ýolbaşçysy emissiýany azaldýan çäreler geçirilmedik täze kömür ýangyçly beketleriniň gurluşyklarynyň hem ýatyryljakdygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, ýurtda giňişleýin tygşytlylyk we gaýtadan dikeldilýän energiýa esasy güýç bolar. Şeýle hem ýurtda atom energiýasyndan peýdalanylmagy hem-de mümkingadar köp möçberde arassa energiýa üpjün edilmegi maksat ediniler.
Kisida daşky gurşaw bilen bagly meseleler bilen göreşmek maksady bilen ösüp barýan ýurtlaryň maliýe gaznalaryna goldaw bermegiň çäklerinde halkara reýting guramalaryna berilýän maliýe goldawy artdyrylar. Şeýle-de Afrika Ösüş bankynyň garamagynda täze gaznanyň döredilmegine ýardam ediler.
Ýapon hökümet Başlygy “Aziýa Nol Emissiýa Jemgyýeti”-niň çäklerinde şu aýyň içinde Ýaponiýada Günorta-gündogar Aziýa milletler bileleşiginiň (ASEAN) agzalary bilen uglerod emissiýasynyň azaldylmagy bilen bagly sammit geçirer.
Ýaponiýa COP28-iň çäklerinde bolsa, klimatyň üýtgemegi bilen bagly ýitgilere sezewar bolan, ösüp barýan ýurtlara goldaw bermek üçin täze halkara gazna 10 million dollar goşant goşmaga wada berdi.