Norwegiýanyň paýtagty Oslo basym täze adyna – Oslowe adyna eýe bolar. Ol saamlaryň dilinde şeýle atlandyrylýar. Oslo şäheriniň ýerli häkimiýetiniň Medeniýet we bilim komiteti şäheriň ýene bir adyny makullady, ol dekabr aýynda resmi taýdan tassyklanar. Bu barada NRK teleýaýlymy habar berdi. Teleýaýlymyň maglumatlaryna görä, şeýle adyň saýlanmagy saam jemgyýetinde uly seslenme döretdi.
Oslodaky saam guramalary şäheriň norwegiýa we saam atlarynyň arasyndaky tapawudyň simwoliki ähmiýetini bellediler. Olaryň bellemegine görä, bu kada Saam parlamentiniň geografik atlar gullugynyň tekliplerine ters gelýär, ýagny, oňa laýyklykda paýtagtyň “Oslo” adynyň saam dilleriniň hiç birinde-de deň gelýän manysy ýok.
Şeýle-de bolsa, paýtagtyň syýasatçylary ýerli dolandyryş ministrligine Oslo kommunasyna hem saam adyny – lule-saam dilinde “Oslo suohkan” we demirgazyk saam dilinde “Oslo suohkan” ýa-da “Oslo ýielda” adyny bermek bilen baglylykda ýüz tutmagy meýilleşdirýärler.
Saamlar az sanly fin-ugor halky bolup, onuň wekilleri Russiýada, Norwegiýada, Finlýandiýada, Şwesiýada we Demirgazyk Amerikada ýaşaýar.