Nýu-Ýork şäherinde Baş Roždestwo arçasynyň müňlerçe çyrasynyň ýakylyş dabarasy boldy. Şäheriň merkezi köçeleriniň birindäki Rokfeller merkeziň öňünde guralan dabara ýüzlerçe adam gatnaşdy. Bu barada TASS habar berýär.
Agramy 12 tonna bolan 24 metrlik arçany 11-nji noýabrda Nýu-Ýork ştatynyň Westal şäherinden getirdiler. Onuň bezegi üçin 50 müňden gowrak dürli reňkli lampalardan ybarat bolan, takmynan, 8 kilometr uzynlykdaky bezeg çyrasy gerek boldy. Arçanyň çür depesini “Swarovski” şereketiniň 3 million billury bilen zynatlanan 400 kilogramdan gowrak agramly hrustal ýyldyz bezedi.
Arçanyň çyralary ýakylmazdan öň konsert guraldy. Roždestwo arçasy ilkinji gezek 1931-nji ýylda Rokfeller merkeziniň öňünde dikildi. 1933-nji ýyldan bäri çyra ýakylyş dabarasy yzygiderli geçirilýär, 1951-nji ýyldan bäri bolsa bu dabara telewideniýe arkaly görkezilýär.