BMG-niň Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­ra­da­ky Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy­na gat­na­şy­jy ta­rap­la­ryň 28-nji mas­la­ha­tyn­da bir­nä­çe şert­na­ma­lar bag­la­şyl­dy. Dün­ýä­dä­ki 50 ne­bit kom­pa­ni­ýa­sy 2050-nji ýy­la çen­li ug­le­ro­dyň bi­ta­rap­ly­gy­ny ga­zan­ma­gy we me­ta­nyň zy­ňyn­dy­la­ry­ny no­la çen­li azalt­ma­gy mak­sat edin­ýär. Bu kom­pa­ni­ýa­lar dün­ýä­dä­ki ne­bit çy­ka­ry­şy­nyň ýa­ry­sy­na go­la­ýy­ny eme­le ge­tir­ýär.
Beý­le­ki ta­rap­dan, 116 ýurt öza­ra yla­la­şyp, 2030-njy ýy­la çen­li gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa kuw­wa­ty­ny üç es­se we ener­gi­ýa ne­ti­je­li­li­gi­ni iki es­se ýo­kar­lan­dyr­ma­gy öz üs­tü­ne al­dy. Gol çe­ken­le­riň ara­syn­da ABŞ, Ka­na­da, Ýa­po­ni­ýa we Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi bar. Hy­taý, Hin­dis­tan we Rus­si­ýa gol çek­mek­den sak­lan­dy.
Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi ýa­kyn iki ýyl­da “goň­şy ýurt­lar­da we bü­tin dün­ýä­de” ener­gi­ýa ge­çi­şi­ni gol­da­mak üçin 2,3 mil­liard ýew­ro ma­ýa goý­ma­gy wa­da ber­di. Bu ba­ra­da Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Ur­su­la fon der Lýa­ýen mä­lim et­di.
-Biz has köp tä­ze­le­nip bil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ni or­naş­dyr­ma­ly we ze­rur önüm­le­ri we hyz­mat­la­ry ön­dür­mek üçin az ener­gi­ýa sarp et­me­li. Dün­ýä­de iň ar­zan ener­gi­ýa çeş­me­si, gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­si­dir – di­ýip, Ur­su­la fon der Lýa­ýen aýt­dy.
118 ýurt 2030-njy ýy­la çen­li gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa kuw­wa­ty­ny üç es­se art­dyr­ma­gy wa­da ber­di. Mun­dan baş­ga-da, 123 ýurt Ho­wa we sag­lyk bo­ýun­ça COP28 Jar­na­ma­sy­na gol çek­di. Bu baş­lan­gyç sag­ly­gy ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy gö­re­şiň üns mer­ke­zin­de goý­ýar we zy­ňyn­dy­la­ryň azal­dyl­ma­ly­dy­gy­ny ta­lap ed­ýär, ýö­ne düýp se­bä­bi­ni – ga­zy­lyp alyn­ýan ýan­gy­jyň ula­nyl­ma­gy­ny bes et­me­giň ze­rur­ly­gy­ny ag­za­ma­ýar.