1766-njy ýy­lyň 6-njy de­kab­ryn­da şot­land auk­sio­ne­ri Jeýms Kris­ti il­kin­ji söw­da­sy­ny ama­la aşyr­ýar. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň iň meş­hur auk­si­on öý­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rü­len “Chris­tie’s” auk­si­on öýü­niň esas­lan­dy­ry­jy­sy­nyň il­kin­ji söw­da­sy Lon­do­nyň meş­hur Pall Mall kö­çe­si­niň ug­run­da­ky Otag­la­ry­na ama­la aşy­ryl­ýar. Kris­ti­niň Be­ýik Otag­la­ry at­ly auk­si­on öýi XVIII asy­ryň ahy­ryn­da esa­sy ge­le­şik­le­riň bag­la­şyl­ýan ýe­ri­ne öw­rül­ýär. Hä­zir­ki wagt­da auk­si­on öýi­niň Nýu-Ýork, Pa­riž, Gon­kong, Mi­lan, Ams­ter­dam, Že­ne­wa, Şan­haý we Du­baý şä­her­le­rin­de sa­tyş otag­la­ry bar. 2017-nji ýyl­da auk­si­on öýi iň gym­mat söw­da­sy­ny ama­la aşyr­ýar – Nýu-Ýork­da ge­çi­ri­len söw­da­da “Salvator Mun­di” kar­ti­na­sy 450 mil­li­on dol­la­ra sa­ty­lyp, bir su­rat üçin tö­le­nen iň ýo­ka­ry ba­ha bol­ýar.