16-njy dekabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti geçiriler.
Täze ýyl baýramçylygyny şatlykly garşylamak maksady bilen geçiriljek baýramçylyk konsertinde Türkmenistanyň halk artistleri Sahydursun Hojakowa, Annaguly Myratdurdyýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti Nurýagdy Rejepow, şeýle-de aýdymçy Baýram Nobatow halk köpçüliginiň ýüreginde orun alan ajaýyp aýdymlary bilen, şeýle-de özleriniň täze döreden aýdymlary bilen çykyş ederler.
Baýramçylyk konsertleri 14:00-da, 17:00-da geçiriler.
Habarlaşmak üçin 48-96-83, 60-15-67 telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz.