Fransiýanyň çempionatynda PSŽ myhmançylykda “Le Hawr” toparyny Mbappe (10) hem-de Witinýanyň (89) gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňdi. PSŽ 10-njy minutda derwezeçisi Janluiji Donnarummanyň gyzyl kart almagyndan soň 1 oýunçy kem oýnady. “Nant” bilen “Nissanyň” arasyndaky oýunda ýer eýeleri Molleniň 25-nji minutdaky goly bilen ýeňiş, gazanyp, ýeňlişsiz gelýän garşydaşynyň bu derejesini soňlandyrdy. Şunlukda, “Ligue 1”-de ýeňlişsiz klub galmady.

2 penaltini salyp bilmediler

“Lill” öz meýdançasynda “Metsi”, “Marsel” hem “Renn” toparyny 2-0 hasaplar bilen utdy. “Lill”–“Mets” duşuşygynda myhman toparynyň oýunçylary (Elisar 29, Kamara 55) 2 gezek penaltini dürs urup bilmediler. Tälimçisini ugradan “Lion” myhmançylykda “Lansdan” 3-2 hasabynda asgyn geldi.

Reýms – Strasbur: 2-1 (Riçardson 10, Darami 42 – Gameýro 88 p),

Lans – Lion: 3-2 (Said 26, Frankowski 52 p, 74 – O’Braýen 15, 72),

Nant – Nissa: 1-0 (Molle 25),

Le Hawr – PSŽ: 0-2 (Mbappe 23, Witinýa 89),

Brest – Klermon: 3-0 (De Kastilýo 20, 51, Pereýra Lage 34),

Monako – Monpelie: 2-0 (Minamino 9, Ben Ýedder 90+2),

Tuluza – Loriýan: 1-1 (Dallinga 72 – Dieng 90+1),

Lill – Mets: 2-0 (Ýazyjy 45+1, Dewid 45+6 p),

Marsel – Renn: 2-0 (Obameýang 8 p, Unai 65)