Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Süýji arzuwlar» atly estrada-simfoniki orkestriň Täze ýyl mynasybetli konserti geçiriler.
Şu ýylyň 23-24-nji dekabry aralygynda geçiriljek baýramçylyk konsertinde dünýä belli kompozitorlaryň aýdymlary we sazlary ýaňlanar.
Täze ýyl mynasybetli geçiriljek estrada-simfoniki orkestriň konsertine Türkmenistanyň halk artisti Nurygandym Hojamuhammedow bilen Türkmenistanyň at gazanan artisti Rahman Joraýew dirižýorlyk eder.
Habarlaşmak üçin 48-96-83, 94-10-76, 60-15-67 telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz.