Müsüriň içinden geçýän halkara suw ýoly gatnawynyň amala aşyrylýan Sues kanalynyň girdejisiniň artandygy mälim edildi. Geçen aý emeli suw ýolundan geçen gämilerden alnan girdeji 20,3 artyp, 854,7 million dollara ýetipdir. Sues kanalynyň edarasynyň maglumatlaryna görä, kanaldan geçýän gämileriň sany hem artypdyr. Geçen ýylyň noýabrynda kanaldan iki ugur boýunça jemi 2 müň 171 gämi geçen bolsa, bu ýylyň degişli döwründe 2 müň 264 gämi geçipdir. Bu bolsa gämi gatnawynyň 4,3 göterim köpelendigini görkezýär. Kanaldan geçirilen ýükleriň umumy aýramy geçen ýylyň noýabrynda 125,2 million tonna bolan bolsa, bu ýylyň degişli döwründe 8,2 göterim artyp, 135,5 million tonna ýetendigi mälim edildi. 2022-nji ýylyň noýabrynda bu gämilerden jemi 710,3 million dollar girdeji gazanylypdyr.
Çeper Begenjowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.