Günorta Amerika yklymynyň çempionaty bolan Kopa Amerika bäsleşiginiň bijeleri çekildi. Geljek ýyl ABŞ-da geçiriljek 48-nji Kopa Amerika çempionatyna 2 yklymdan 16 ýygyndy gatnaşar.

Maýamide geçirilen bije çekilişde soňky çempion Argentina “A” toparça düşdi. Tangoçylar Perunyň, Çiliniň ýygyndylary bilen bije çekişdi. Toparçadaky 4-nji topar Kanadanyň ýa-da Trinidad we Tobagonyň ýygyndysy bolar. Ol mart aýyndaky pleý-off duşuşygyndan soň kesgitlener.

“B” toparçany Meksikanyň, Ekwadoryň, Wenesuelanyň hem-de Ýamaýkanyň ýygyndylar düzdüler.

“C” toparçada ýer eýeleri ABŞ-nyň, Urugwaýyň, Panamanyň hem-de Boliwiýanyň ýygyndylary bäsleşerler.

“D” toparçada Braziliýanyň, Kolumbiýanyň, Paragwaýyň ýygyndylary bilen bir hatarda, Kosta Rikanyň ýa-da Gondurasyň ýygyndysy hem çykyş eder.

Çempionat geljek ýylyň 20-nji iýunyndan 14-nji iýuly aralygynda ABŞ-nyň 14 şäherinde geçiriler. Çempionatyň açylyş duşuşygy Argentina bilen pleý-offdan geljek (Kanada ýa-da Trinidad we Tobago) topar bilen Atlanta şäherindäki “Mercedes-Benz” stadionynda bolar. Final duşuşygy bolsa 14-nji iýulda Maýami-Gardens şäherindäki “Hard Rock” stadionynda geçiriler.

“A” toparça: Argentina, Peru, Çili, Kanada/Trinidad we Tobago

“B” toparça: Meksika, Ekwador, Wenesuela, Ýamaýka

“C” toparça: ABŞ, Urugwaý, Panama, Boliwiýa

“D” toparça: Braziliýa, Kolumbiýa, Paragwaý, Kosta Rika/Gonduras