Dünýädäki ilkinji ýolyşyk 1868-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Londonda oturdylýar. Ýurduň parlamentiniň ýerleşýän binasy bolan Westminister köşgüniň öňünde oturdylan bu enjam häzirkiler ýaly elektrik energiýasy däl-de, nebit bilen işläpdir. Şol döwürde şäheriň iň köp gatnawly köçeleriniň birinde synag maksady bilen ýerleşdirilen enjam, pyýadalaryň we at arabalaryň hereketini sazlapdyr. Fonara meňzeş ýolyşygyň gyzyl we ýaşyl reňkleri bo-lupdyr. Iňlis iňženeri, demirýolçy Jon Pik Naýtyň oýlap tapan bu enjamy iki aýdan soňra aýrylypdyr. Awtoulaglaryň hereketini sazlaýan elektrik energiýasy bilen işleýän ýolyşyklar 1900-nji ýyllardan soňra ýaýrap başlapdyr.
Suratda: 1953-nji ýylda Stolgolmda polisiýa işgäri tarapyndan gözegçilik edilýän ýol yşyk.