“Pantone” 2024-nji ýylyň reňkini yglan etdi. Ol “Pantone 13-1023 Peach Fuzz” diýlip atlandyrylyp, şetdaly reňkidir. Bu barada “Pantone” instituty jemgyýetçilik torlarynda habar berdi.
“Peach fuzz” aňlatmasy “tüýjümek” – şetdalynyň gabygyny örtýän ýumşak üpürjik hökmünde terjime edilýär. Gurama bu reňki “yssy we göwnejaý” hasaplap, gurşap alýanlar bilen agzybirlige tagalla hökmünde häsiýetlendirdi. Institutyň bilermenleri bu reňkiň tagam, görüş, duýuş hem-de ys alşyň arasynda özara baglanyşyk döredýändigini öňe sürýärler.
“Pantone” institutynyň bilermenleriniň pikirine görä, ýylyň reňki, önümçiligiň ösüşi, moda, öý mebelleri, önümçilik dizaýny, şeýle hem önümiň gaplanyşy we grafiki dizaýny ýaly köp ugurlarda satyn alyş kararlaryna täsir edýär.
Geçen ýyl bu institut “18-1750 Viva Magenta”, ýagny, gyrmyzy reňki ýylyň reňki hökmünde mälim edipdi.