2023-nji ýylda BAE-niň dolandyryjy neberesi Al-Nahaýýan 305 milliard dollar baýlygy bilen dünýäniň iň baý maşgalasy boldy. Bu barada “Bloomberg” habar berýär.
Şeýle hem neşirde iň baý maşgalalaryň sanawynda Woltanlaryň “Walmart” dükan zynjyryny esaslandyryjylary we Ermesleriň maşgalasyna degişli “Hermes” kaşaň brendiniň eýeleriniň bardygy habar berilýär.
Agentlik “Walmart” zynjyrynyň eýeleriniň, şeýhleriň dolandyryjy neberesiniň we Kataryň emirleriniň ilkinji gezek sanawa goşulandygyny belleýär.
Umuman alanyňda, dünýäniň iň baý 25 maşgalasynyň 2023-nji ýylda 1,5 trillion dollar gazanandygy, bu geçen ýyl iň baý maşgalalaryň baýlygyndan 43% ýokarydygy bellendi.
Mundan öň amerikan žurnaly “Forbes” dünýäniň iň baý 10 adamynyň umumy baýlygynyň oktýabr aýynda 1,32 trillion dollar bolup, bir aýyň dowamynda, takmynan, 50 milliard dollar azalandygyny habar berdi.
“SpaceX”-iň baş direktory we X sosial ulgamynyň (öňki Twitter) eýesi Ilon Mask degişli sanawda birinji orny eýelemegini dowam etdirýär. Şol bir wagtyň özünde, oktýabr aýynda onuň beýleki kompaniýasy “Tesla”-nyň paýlary 20% azaldy. Netijede, telekeçi 35 milliard dollar ýitirdi, bu milliarderiň umumy baýlygynyň 14 göterimine deňdir.