Braziliýanyň «Atletiko Mineýro» futbol klubynyň hüjümçisi Gustawo Skarpanyň kitaphonlyga we edebiýat älemine gyzyklanmasy janköýerleriň we okyjylaryň ünsüni özüne çekdi. Ol beýik rus ýazyjysy Lew Tolstoýyň «Iwan Iliçiň ölümi» powestini Braziliýada hakyky bestseller derejesine ýetirmegi başardy.
Futbolçynyň 1886-njy ýylda neşir edilen meşhur eser baradaky täsirli syny sentýabryň başynda giňden ýaýrap, köp sanly okyjylaryň ünsüni özüne çekdi. Diňe bir “YouTube” platformasynda bu wideoýazga ýedi ýüz müňe golaý gezek tomaşa edildi. Netijede, ýerli “Amazon” platformasynyň bestsellerler sanawynda ýokary basgançagy eýelän eser häzirki wagtda hem ikinji orny durnukly saklaýar.
Sport äleminde uly seslenme döreden bu ýagdaý futbolçynyň ösüş ýoluny we dünýägaraýşyny açyp görkezýän gyzykly pursatlar bilen hem berk baglydyr. Gustawo Skarpanyň aýtmagyna görä, ol 2018-nji ýyla çenli diňe Injili gaýtalap okapdyr, ýöne topardaşlarynyň biriniň oňyn täsiri netijesinde kitap okamak däbini ýola goýupdyr. Şondan bäri zehinli türgen Fýodor Dostoýewskiniň, Frans Kafkanyň we Wiktor Gýugonyň çuňňur mazmunly eserlerini yzygiderli öwrenipdir, emma Wilyam Şekspiriň döredijiligi bilen arasy känbir şowly bolmandyr.
Häzirki wagtda diňe bir Braziliýada däl, eýsem, Angliýanyň «Nottingem Forest» we Gresiýanyň «Olimpiakos» ýaly Ýewropanyň belli klublarynda çykyş eden Skarpa özüniň okan kitaplary baradaky gymmatly synlaryny yzygiderli paýlaşmagyny dowam etdirýär. Şeýle-de bolsa, onuň soňky döwürde maslahat beren beýleki eserleriniň hiç biri häzirlikçe «Iwan Iliçiň ölümi» powestiniň gazanan uly üstünligini gaýtalamaga ýetişmedi.
PDF








